Täzelikler

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Mübärek Oraza aýy tutuş musulman ymmatynyň jebisligini we raýdaşlygyny alamatlandyrýar. Bu günlerde dünýäniň ähli musulmanlary özlerini haýyr-sahawata, sogap işlere bagyşlaýarlar.

Owganystan ykdysady durnuklylygyny gazanmaga hem-de mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirmekde berýän goldawy üçin Türkmenistana hoşallyk bildirýär. Biz özara hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygymyzy tassyklaýarys we doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Alhaj Molla Mohammad Hasan AHUND,
Owganystanyň Premýer-ministri.