Täzelikler

«Arkadag» futbol topary «Al-Nasr» futbol topary bilen oýundan öň hüjüm ediji hataryny güýçlendirdi

«Arkadag» futbol topary «Al-Nasr» futbol topary bilen oýundan öň hüjüm ediji hataryny güýçlendirdi

«Arkadag» futbol topary Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparyna garşy AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final oýunlarynyň öňüsyrasynda milli ýygyndynyň iki hüjümçisi bilen şertnama baglaşandygyny mälim etdi.

Toparyň täze oýunçylary — «Köpetdag» toparymyň 22 ýaşly hüjümçisi Daýanç Meredow hem-de «Altyn Asyr» toparynyň 24 ýaşly hüjümçisi Rahman Myratberdiýew boldy.

Baş tälimçi Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky toparyň düzüminde portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu hem çykyş edýän «Al-Nasr» bilen ilkinji duşuşygy 11-nji fewralda geçiriler. Jogap oýny bolsa 18-nji fewralda meýilleşdirilýär.

Mundan ozal «Arkadagyň» düzümine 25 ýaşly ýarym goragçy Meýlis Diniýewiň goşulandygy mälim bolupdy. Ol ozal «Kyrgyzaltyn» we «Ahal» toparlarynda çykyş edipdi.

Çeşme: Turkmenportal