Biz barada

Atçylyk pudagy ylymyň we oýlap tapyş işleriniň ugrynda…

Atçylyk pudagy ylymyň we oýlap tapyş işleriniň ugrynda…

Ýakyn günlerde Aba Annaýew adyndaky Atçylyk akademiýasyna Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça Döwlet gullugy tarapyndan №1007 «Buýan kökiniň galyndylaryndan toşap almak usuly» boýunça Oýlap tapyşyň çäklendirilen patenti berildi.

Bu patente degişli ýerine ýetirilen ylmy işlerine Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň we Aba Annaýew adyndaky Atçylyk akademiýasynyň hünärmenleri uly goşant goşdular. Bu patent boýunça teklip edilýän usulyň kömegi bilen buýan kökiniň ikinji galyndysyndan ekstraktyny bölüp almagyna hem-de ony oba hojalyk pudaklarynda giňden ornaşdyrmagyna mümkinçilik berer. 

Patent boýunça önümçilige hödürlenýän usulyň birnäçe peýdaly taraplary bellenip kabul edildi: 

Ilki bilen, bu usulyň ykdysady taýdan maksada laýyklygy. Ilkinji galyndyny ulanmak buýan kökini ilkinji gezek gaýtadan işlemek üçin kultiwasiýa etmek, ýygnamak, guratmak we daşamak bilen bagly düýpli çykdaýjylary aradan aýyrýar. Bu bolsa ekstraktyň önümçiligini has elýeterli we düşewüntli edýär, önümiň köp mukdary talap edilýän oba hojalygynda uly möçberlerde ulanylmagy üçin iň möhüm görkezijiler hasaplanylýar.

Ikinjiden, oýlap tapyş ekologiki arassalygyň ýokary derejesini görkezýär. Önümçiligiň ähli tapgyrlarynda agressiw himiki reagentleri ulanmakdan saklanmak we deionizirlenen suwdan peýdalanmak, şeýle hem bölüp almagyň fiziki usullaryny ulanmak (filtrasiýa, ultrafiltrasiýa), tebigy howpsyz önüm almaklygy kepillendirýär. Bu bolsa maldarçylygyň önümleriniň ekologiki taýdan arassalygyna bildirýän ösýän talaplaryna laýyk gelýär we alyjylar üçin howpsyz bolan maldarçylyk önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Ondan başga-da buýan köküniň müňlerçe tonna önümçilik galyndylarynyň gaýtadan işlenilmegi, olary utilizasiýa etmek meselesini çözmeklige hem-de önümçiligiň has durnukly modellerine geçmeklige ýardam bermek bilen daşky gurşawa düşýän agramy peseldýär.

Üçünjiden, bu usulyň kömegi bilen alnan ekstrakt oba hojalyk mallary üçin ýokary netijeliligine we howpsyzlyga eýedir. Mallaryň iýmit siňdirişinde we dem alşynda ýaramaz meseleleri döredip biljek owradylan buýan köküni ulanmakdan tapawutlylykda, teklip edilýän ekstrakt glisirrizin we flawonoidler ýaly konsentrirlenen peýdaly düzüm böleklerini saklaýar we netijede garaşylmaýan goşmaça effektleri azaldýar. Ekstraktyň süýji tagamy mallaryň işdäsini artdyrmak we rasionyň hilini ýokarlandyrmak bilen ot-iýmlere goşmaça berilýän ýakymly goşundy bolmagyna getirýär. Bu bolsa öz gezeginde garyn-içege ýollarynyň işiniň gowulanmagyna, ýokumly maddalaryň siňişiniň ýokarlandyrmagyna we içki beden agzalarynyň dürli keselleriniň öňüni almagyna ýardam edýär. Bu bolsa mallaryň, şol sanda atlaryň hem saglygyny we önümliliginiň derejesini, işjeňligini saklamakda örän möhümdir.

Dördünjiden, konsentrasiýa etmek üçin membrana ultrafiltrasiýasynyň ulanylmagy innowasion aspekt bolmak bilen, ýokary hilli ekstrakty almaga mümkinçilik berýär. Bu usul bugartmak usulynda mahsus bolan termiki täsir etmezden, termolabil biologiki işjeň birleşmeleri natiw ýagdaýynda gorap saklamak bilen önümiň ýokary derejede durnuklylygyny we uzak möhletleýin saklanmagyny üpjün edýär.

Şeýlelik bilen, bu oýlap tapyş diňe bir galyndylardan gymmatly önümleri almaklygyň netijeli we ykdysady taýdan tygşytly usulyny teklip etmän, eýsem daşky gurşawa ýaramaz täsirini has-da azaltmak bilen oba hojalyk mallarynyň saglygyny gorap saklamakda we agrosenagat toplumyny durnukly ösdürmekde hem mynasyp goşant goşýar. Ol buýan köküniň ikinji galyndysyny gymmatly serişde hökmünde ulanmakda täze mümkinçilikleri açýar.



Abaýew Rahman 
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň 
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň 
Alym kätibi

Soňky goşulanlar