Täze doglan ýaş taýlar özleriniň iýmit siňdiriş ulgamynyň işleýşiniň aýratynlyklary bilen baglylykda owuz süýdüni we adaty süýdi talap edýärler. Mysal üçin, taýlaryň ýaşaýşynyň ilkinji günlerinde owuz süýdiniň düzüminde bolan beloklaryň dargamagyndan olaryň özleşmegi bolup geçýär, şeýlelikde bedeniň kesellere durnuklylygyny (immunitetini) doldurýan globulinler bilen baýlaşdyrýar. Bu bolsa täze doglan taýçanaklar üçin hökmandyr, sebäbi plasentanyň üsti bilen nesle möhüm antitelalar az mukdarda geçýär.
Täze doglan taýçanaklar owuz süýdüniň ýagyny olaryň diliniň düýbünde we gyzylödegiň başlanýan ýerinde ýerleşen mäzleriň bölüp çykarýan gorundan öňki esterazalaryň kömegi bilen özleşdirýärler. Olaryň täsiri doglandan soň çäkli wagtyň dowamynda amala aşyrylýar. Ene we owuz süýdi bilen iýmitlenýän döwründe taýlaryň iýmit siňdiriş ulgamlary kem-kemden häsiýetlerini üýtgedýärler. Taýlaryň ösüşi atçylyk tejribesi üçin örän wajyp ähmiýete eýedir.
Taýlary iýmitlendirmekde esasy mesele ösýän ýaş taýlaryň bedeninde belogyň emele gelişini we şonuň bilen baglanyşykly bolan proteine bolan talabyny üpjün etmekdir. Taýlaryň ýaşy ulaldygyça, siňýän proteiniň ulanylyşy has-da peselýär. Bu görkeziji ýaşaýşynyň ilkinji günlerinde örän ýokary bolanlygyndan 60 günlüginde 45% töweregi derejede saklanýar. Kadaly üpjün edilýän energiýa bilen bir hatarda ýaş taýlary zerur bolan aminokislotalary saklaýan doly gymmatly protein bilen hem-de gury maddasynda 6% töweregi saklanýan mineral maddalar bilen üpjün etmeli. Protein, mineral maddalar we witaminler ösýän ýaş atlaryň dokumalaryny we beden agzalaryny emele getirýän düzüm bölekleri bolup durýar. Ýaş taýlarda esasy agramyň artmagy belogyň hasabyna bolsa-da onuň bilen bir hatarda ýaglar hem toplanýar. Dürli haýwanlarda siňýän proteine we çalşyp bolmaýan aminokislotalara bolan talaby (her 100 kg. diri agramyna) ýaşy ulaldygyça peselýär. Mysal üçin, gölelere ýaşaýşynyň ilkinji aýynda her bir 100 kg diri agramyna 600 gr. çenli siňýän protein bermek maslahat berilse, altynjy aýynda - 300 gr., on ikinji aýlygynda 200gr. we iki ýaşynda 170 gr. çenli siňýän protein bermeli.
Diri agramy 45 kg-a çenli bolan taýlaryň kalsiý elementine bolan talaby gury maddada 0,8% bolsa, diri agramy 55 - 90kg. çenli we ondan ýokary bolanda - 0,6% deňdir. Ýaş taýlara her 100 kg diri agramyna berilmeli A witamini: gije görmeginiň ukybyny ýokarlanmak üçin - 0,9 mg., güýçli depginde ösdürmek üçin – 1,5 mg., ganyň düzümini ýokary derejede baýlaşdyrmak üçin - 13 mg. Taýlaryň ýaşaýşynyň ilkinji 3 aýynda karotine bolan talaby her 100 kg diri agramyna 13 mg. bolýan bolsa, 12 aýyndaky taýlaryň bolan talaby 7,5 mg. çenli deňdir. Taýlar doglandan 7 aýlygyna çenli D witamine bolan talaby her 100 kg. diri agramyna 600-700 halkara birligi (HB) möçberinde kesgitlenilendir.
Birinji aýlarda taýlar ene süýdiniň hasabyna çalt ösýärler. Şonuň üçin baýtallaryň süýtliligini artykmaç goşmaça berilýän ot iýmiň hasabyna ýokary derejede saklamaly bolýar. Taýlar hemişe enesiniň ýanynda bolup enesini ýygy-ýygydan emýärler. Taýlar 1 kg artýan agramyna 10 litr ene süýdini emmeli bolýar.
Taýlar 1-1,5 aýlygyna enelerine öýkenip otugyp başlaýar. 2-3 aýlygyndan başlap taýlary iým iýmäge öwredilýär. 3 aýlygyndan başlap taýlara günde 200-300 gr. ýenjilen süle, arpa ýarmasy we kepek berilýär. Süýtden aýrylýan döwrüne çenli taýlara berilýän iýmiň mukdaryny artdyryp 2,5 kg. arpa ýarmasy we 0,5 kg. kepek bermeli bolýar. Taýlaryň iýmitlendiriş paýyna goşmaça witaminli goşundylar, mineral maddaly goşundylar we balyk ýagyny goşmaly.
Taýlaryň saglygy olaryň iýmitlendirilişine baglydyr. Esasan hem güýz we gyş aýlary dürli iýmit maddalaryna – witaminlere baý bolan gök otlaryň ýetmezçilik etmegi sebäpli olaryň organizmleri dürli ýetmezçiliklere sezewar bolup bilerler. Bu ýetmezçilikler aradan aýyrmak üçin Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde güýz we gyş aýlarda atlary bolelin witaminlere baý bolan gök otlar bilen üpjün etmeklik meýilleşdirildi. Meýilleşdirilen işleriň dowamynda arpa we beýleki dänelerden gök otlary ösdürip ýetişdirmeklikde innowasion tehnologiýa bolan gidroponika ot-iýmleriň usuly saýlanyp alyndy.
Edebiýat maglumatlarlardan belli bolşy ýaly, arpa dänesinden taýarlanan gidroponiki iýminde käşir bilen deňeşdirilende A witaminiň mukdary 23% we B witaminiň mukdary 22% ýokary bolýandygy, ondan daşgary C witaminiň mukdary sitrus miweler bilen deňeşdirilende 14% ýokary bolýandygy ylmy taýdan tassyklanyldy. Gidroponiki iými umuman haýwanlar üçin genetiki we fiziologiki taýdan arassa iýmitiň biri diýip hasaplanylýar. Mysal üçin, gidroponiki iýmler mallaryň we guşlaryň hasyllygyny 11% esse ýokarlanmagyna, olaryň öndürijilik ömrini uzalmagyna, süýt, et we ýumurtga hiliniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Şol sebäpden, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleriň pikirine görä ahalteke atlarynyň iýmitlendiriş paýyna dürli däneli ösümliklerden taýýarlanylan goşmaça gidroponiki iýmleriň goşulmagy we bu goşundylaryň kadalaryny ylmy taýdan esaslandyrmagy wajypdyr.
Gurbanow Perhat
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň
weterinariýa barlaghana bölüminiň
Bakteriologiýa bölümçesiniň
müdiri

