Makalalar

HÖWÜR ATLARA ENE BAÝTALLARY JÜBÜTLEŞDIRIP HÖWRE BELLEMEGIŇ USULYÝETLERI

HÖWÜR ATLARA ENE BAÝTALLARY JÜBÜTLEŞDIRIP HÖWRE BELLEMEGIŇ USULYÝETLERI

Baýtallary jübütleşdirip höwre goýmagyň maksady olardan ahalteke atlaryna mahsus bolan asyl bedew at görnükli owadan we ýyndam taýlary almak, türkmeniň keşbi nusgalyk ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek bolup durýar. 

Maksada laýyk höwür atlar saýlanylanda olaryň gelip çykyşyna-şejeresine, asyl bedew at keşbine, aýlawlarda görkezen ýyndamlygyna, reňkine, göwresiniň ölçeglerine, tohumçylyk klasyna we haýsy ugra degişlidigine aýratyn üns berilmelidir. Jübütleşdirme diýlip höwre goýmak üçin höwür atyň we ene baýtalyň biri-birine esasy seçgilenilýän alamatlary boýunça seçilip, köpeltmäge bellenilen höwür at we ene baýtal jübtüne aýdylýar. 

Ahalteke tohum atçylygynda her bir höwürde ulanmaga bellenilen ata, islenilýän nesil taýy berip biljek baýtal jübütleşdirilip, şu ugurdan öňünden ýörite meýilnama düzülýär. Jübütleşdirmekde atlaryň we baýtallaryň degişli ugurlary, ýaşy, reňki, garyndaşlyk gatnaşygy, klasy we garaşylýan netije alynjak nesil taýyň hili, ýagny onuň nazary taýdan görkezip biljek ýyndamlygy, owadanlygy we asyl bedew at görnügi göz öňünde tutulýar.

Ahalteke atlarynyň arasynda tohumara ýaýran üç görnükli (tipli) atlar özboluşly aýratynlyklary bilen seçgi – tohumçylyk işlerinde biri-biriniň üstüni doldurýar, atlaryň nesil çeşmesini baýlaşdyrýar. Olar atlaryň seçgi tohumçylyk işlerinde asyl bedew at görnükleri boýunça köpeltmek we görnügara çakyşdyrmak bilen ahalteke atlaryny köpeltmekde we hilini gowulandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Asyl görnükli atlar bilen seçgi – tohumçylyk işleri olaryň asyl bedew at görnügini kämilleşdirmek bilen, beden gurluşynyň, nerw ulgamynyň berkligini gazanmaga, ýyndamlygyny gowulandyrmaga gönükdirilmelidir. Orta görnükli atlar we baýtallar bilen jübütleşdirmeginiň esasy maksady alynjak nesil taýlarynyň asyl at görnükli bolmagyny gazanmak, süňklekligini we ýyndamlygyny gowulandyrmak, owadanlygyny we beden berkligini, çydamlylygyny artdyrmaga ugrukdyrlandyr. Orta görnükli baýtallara asyl görnükli berk bedenli atlar höwre bellenilse, ol baýtallardan asyl görnükli taý almaga garaşmak  bolar. Beden gurluşy gowşagrak, näzigräk bedenli orta görnükli baýtallara höwürde ulanmaga berk bedenli ýognas atlary bellemek maslahat berilýär. Şonda asyl görnükli taýlary almaga garaşmak bolar. 

Ýognas sypatly atlar bilen seçgi – tohumçylyk işleri geçirilende olary kämilleşdirmegiň soňky maksady asyl at görnükli, berk bedenli, çapuwda ýyndam, uzakçyl, gujurlydan saýhally häsiýetli we sporta ulanmak üçin atlary almak bolup durýar. Ýognas sypatly baýtallara näderejede ýognaslygyna baglylykda asyl we orta görnükli atlary jübütleşdirmäge belleseň, asyl görnükli taýlary almaga mümkinçilik döreýär. Ýognasdan owadan aralyk asyl görnükli atlary bolsa orta görnükli we näzigräk, asyl görnükli baýtallara jübütleşdirip ulanmak gowy netijeleri berip biler. Bedeni we süňk gowşaklygy duýulýan baýtallara ýognasdan berk bedenli, gujurly atlary jübütleşdirmek maslahat berilýär.

Hojaýusup ANNAÝEW,
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň 
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň
Ylmy-kliniki bölümiň Tohum almak we emeli tohumlandyrmak bölümçesiniň müdiri  


Soňky goşulanlar