Hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewleriň tohum arassalygyny gazanmak, olaryň ýyndamlyk we owadanlyk derejesini gowulandyrmak, umuman, tohumçylyk resminamalaryny takyk, döwrüň ýokary talaplaryna laýyk ýöretmek meselesine uly üns berýär. Bu ugurda durmuşa geçirilmegi möhüm bolan wezipeler kesgitlendi. Ýurdumyzyň atçylyk pudagy halkara ülüňlerine laýyk gelýän döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Döredilýän şertler bolsa, barlaghanalarda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly ylmy we beýleki barlaglary ýokary netijeli amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär.
Molekulýar genetika boýunça ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler atlaryň genomyny anyklamaga mümkinçilik berip, ahalteke tohumy bilen alnyp barylýan seleksiýa-tohumçylyk işlerine uly ýardam berýär. Şonuň bilen birlikde, ahalteke atlarynyň tohum hilini gorap saklamak üçin olar bilen geçirilýän seçgi-tohumçylyk işlerinde genetiki markerleriň, ýagny genetiki maglumatlaryň giňden peýdalanylmagy oňat netijeler berýär. Belli bolşy ýaly, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi döredildi we şu günki gün onuň düzüminde hereket edýän molekulýar-genetika bölüminde işler amala aşyrylýar. 2023-nji ýylyň dowamynda molekulýar-genetika bölüminiň barlaghanasy Haýwanlaryň genetikasynyň Halkara jemgyýetiniň (ISAG Sertificate of Participation) şahadatnamasyna mynasyp boldy.
Molekulýar-genetika bölümi ABŞ-nyň “Thermo Fisher Scientific” kompaniýasynyň enjamlary üpjün edilen. Bu kompaniýa dünýäde biologiýa, lukmançylyga we önümçilige degişli barlaghanalary zerur enjamlar bilen üpjün edýär şeýle hem molekulýar-genetiki barlaglaryň amala aşyrylmagyna ýardam edýär. Ahalteke tohum atlaryň garyndaşlyk derejesini kesgitlemek maksady bilen mikrosatellit markerler boýunça molekulýar-genetiki barlagy genotipleşdirme usulyýetiň esasynda dört tapgyrda amala aşyrylýar:
Birinji tapgyrda atlaryň ýal nusgasyndan DNK-ny bölüp çykarmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu tapgyrda atyň ýalyndan (ýalyň düýbünden) arassa DNK-ny bölüp çykarmak üçin “QIAGEN” reaktiwler, ýöriteleşdirilen probirka, sentrifuga, gyzdyryjy we titreýji enjamlar ulanylýar. Bölünip çykarylan DNK-nyň mukdaryny “Invitrogen Qubit4” innowasion enjamynda ölçeýärler.
Ikinji tapgyrda amplifikasiýa işleri ýerine ýetirilýär (genetiki markerlaryň nusgasynyň göçürmeleriniň sanyny köpeltmek). Amplifikasiýa reaksiýasy atlaryň genetiki markerlarynyň nusgasynyň göçürmeleriniň sanyny köpeltmek maksady bilen geçirilýär. Bu maksatlar üçin reaktiwleriň ýörite toplumy “Equine Genotypes Panel 1.1” ulanyp, ol atlaryň garyndaşlyk derejesini anyklamaga niýetlenilip, gerek bolan 17 sany genetiki markerleri özünde jemleýär. Bu tapgyrda barlag üçin ýörite ergin taýýarlanylýar we bölünip alnan DNK probirkalara ýerleşdirilýär. Amplifikasiýa reaksiýasy ýöriteleşdirilen “Simpli Amp” enjamynyň kömegi bilen geçirilýär. Tapgyryň ahyrynda enjamda gyzdyrylan DNK sowadylan gaba ýerleşdirilip, denaturasiýa (DNK zynjyryn bölmek) reaksiýasy barlanylýar.
Üçünji tapgyrda fragmental analizi ýerine ýetirilýär. Bu tapgyrda barlag işler “Seq Studio” genetiki enjamynda geçirilip, DNK-nyň (genetiki lokuslaryň) fragmentleriniň bölünişi amala aşyrylýar we esasy maglumatlar anyklanylýar. “Seq Studio” enjamynda bir wagtyň dowamynda 96 sany analizi (seljerme işlerini) geçirmek we ony kompýutere, internete (Wi-fi) çatmak mümkinçiligi bar.
Dördünji tapgyrda genotipleşdirmek işleri ýerine ýetirilýär. Genotipirlemek işlerinde alnan maglumatlary kompýuteriň kömegi arkaly ýörite “Gene Mapper” programmasynda işlenilýär we olaryň netijeleri kompýutere salynýar.
Şeýlelik-de, maglumatlar goruny döretmek işleri ýerine ýetirildi we häzirki wagtda genotipleşdirilen ahalteke atlaryň umumy sany 5,5 müň boldy. Bu işleriň dowamynda molekulýar-genetika bölüminde atlaryň garyndaşlygyny kesgitlemek işleriniň hilini has-da ýokarlyndyrmak maksady bilen molekulýar-genetika barlaglaryna bioinformatika usulyýetleri ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Konstantin GOLOWKIN,
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň
molekulýar-genetiki bölüminiň müdiri
