Makalalar

ATÇYLYKDA LAZEROTERAPEWTIK BEJERGINIŇ ÄHMIÝETI

ATÇYLYKDA LAZEROTERAPEWTIK  BEJERGINIŇ ÄHMIÝETI

Ýurdumyzyň   milli gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke bedewlerimiziň tohum aýratynlyklary bilen bir hatarda olaryň saklanylyşyny, iýmitlendirilişini we olaryň saglygyny goramagyň, berkitmegiň ýollaryny, keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň tärlerini öwrenmek örän möhüm bolup durýar we atçylyk pudagynda muňa uly üns berilýär. Bu işleri amala aşyrmak üçin «Türkmen atlary» Döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy-kliniki bölümi hirurgik, terapewtik we fizioterapewtik bejergi işlerine degişli bolan döwrebap enjamlar ornaşdyryldy. Bu enjamlaryň içinde atlarda lazer bejergisini amala aşyrmak üçin niýetlenen «ASA Lazer» enjamy aýratyn orny eýeleýär. 

Belli bolşy ýaly, ХХ asyr biziň durmuşymyza lazer tehnologiýasynyň gelmegi bilen bellendi. 1964-nji ýylda rus alymlary N.G. Basow we A.M. Prohorow hem-de 2000-nji ýylda Z.I. Alferow lazer fizikasyny ylmy esasda öwrenenleri üçin Nobel baýragyna mynasyp bolýarlar. 

LED terapiýa – bu atlaryň dürli ýagdaýdaky kesellerini bejermekde lazer enjamyny ulanmak arkaly geçirilýän fizioterapiýa usulydyr. Şeýle-de bu usul «pes derejeli lazer terapiýasy» diýlip hem atlandyrylýar. Bu usulyň esasy komponenti belli uzynlykdaky tolkunly lazer şöhlesini (köplenç, gyzyl ýa-da infragyzyl spektrli şöhläni) ulanmak bolup durýar. Bu şöhle atlaryň zeperlenen ýa-da şikeslenen dokumalaryna gönükdirilýär. 

Lazer terapiýasynyň işleýşi fotonlaryň (ýagtylyk bölejikleriniň) atyň beden öýjüklerine we dokumalaryna täsiri bilen esaslandyrylýar (Gamaleya N.F., 1972). Lazer şöhlesi atyň bedeniniň şikeslenen ýerine gönükdirilende, şol bölekdäki öýjüklerde madda çalşygy hadysasyny çaltlaşdyrýar, şeýle-de öýjüklerde mitohondriýalaryň (energiýa organellasy) işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýär, lazer şöhlesi fermentatiw we katalizator işjeňligini, sitoplazmatiki membrananyň geçirijiligini ýokarlandyrmak bilen dokumalarda metaboliki we transport hadysalaryny çaltlandyrýar. 

Kislorod çalşygynyň güýçlenmegi bolsa alawlanma hadysasynda bolýan gipoksiýany peseldýär, mundan başga-da kapillýar we umumy gan damarlarynyň giňelmegine täsir edip, şikeslenen böleklerde gan aýlanyşygyny güýçlendirýär, bu bolsa gan bilen iýmit maddalarynyň köp gelmegi netijesinde şikeslenen dokumalar-da madda çalşygyny güýçlendirip, dokumalaryň regenerasiýasyna, ýagny dikelmegine oňyn täsirini ýetirýär. 

Lazer terapiýasy howpsuz we inwaziw däl usullara degişlidir. Adatça, bu usulda gaýrüzülmeler ýüze çykmaýar. Bu terapiýa, esasan, atlarda duşýan dürli keselleri, ýagny alawlanmalary, myşsalaryň, baglaýjylaryň, bogunlaryň şikeslenmelerini, dürli ýaralary, ýara yzlaryny we başga-da keselleri bejermekde ulanylýar.
 
Atlarda lazer bilen bejergi geçirilende agyry bolmaýar, ýagny bu usul olarda birahatlyk döretmeýär. Ýokarda belleýşimiz ýaly, bu inwaziw däl usul bolup, iňňe, ineksiýa ýa-da hirurgiýanyň gatyşmaklygyny talap etmeýär, bu bolsa lazer terapiýasynyň gymmatly tarapy bolup durýar. 

Atlarda lazer bejergisi geçirilende, olar özlerini rahat duýýarlar. Lazer terapiýasynyň ýene bir bellemeli tarapy ýaranyň bitmesini çaltlaşdyrýar, çişleri gaýtarýar, dürli ýaralaryň yzynyň emele gelmezligine ýardam berýär, myşsalaryň işini, güýjüni we çeýeligini ýokarlandyrýar. 

Şu günki gün, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň weterinar lukmanlary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde «Pes tolkunly lazer şöhlesiniň atlaryň bedenine ýetirýän täsiri» atly tema boýunça ylmy işleri amala aşyrýarlar. Ylmy-barlag işleriniň dowamynda atlaryň aýaklarynda duş gelýän birnäçe şikesler we ýaralar, şol sanda artrit, tendinit, sinowit, bursit we beýleki keseller lazeroterapiýa usuly bilen bejerilýär. 

Umuman, lazeroterapiýa usuly ulanylanda adaty derman serişdelerini ulanyp bejermek usulyndan tapawutlylykda, bedeniň dikelme hadysasy çalt we gysga wagtda netijesini görkezýär, ýagny atlaryň saglyk ýagdaýynyň birnäçe bejergiden soň çalt dikelýändigini görüp bolýar. Netijede, olara gysga wagtda dikelip, türgenleşige ýa-da sport ýaryşlaryna dolanyp barmaga mümkinçilik döreýär. Şonuň üçin, weterinariýada terapiýanyň bu görnüşi diňe bir keseli bejermek ýa-da öňüni almak üçin däl-de, eýsem atlaryň türgenleşik we sport ýaryşlaryndan soň bedeniniň işjeňligine fiziologik ýardam bermekde örän wajyp bolup durýar.



Rahman ABAÝEW,
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň
Atçylyk ylmy-önümçilik 
merkeziniň alym kätibi

Soňky goşulanlar