Makalalar

GADYMY – ÝYLYŇ IŇ OWADAN AHALTEKE BEDEWI

GADYMY – ÝYLYŇ IŇ OWADAN AHALTEKE BEDEWI

2024-nji ýylyň 27-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de behişdi ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly haşam sungatynda wasp etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi akademiýanyň professor mugallymlaryny we talyplaryny buýsandyrdy. 

Türkmen toýuna mahsus görnüşler, ýaňlanýan joşgunly aýdymsazlar, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary tutumly toýuň şowhunyny artdyrdy. 
Soňra baýramçylyk çäreleri akademiýanyň açyk manežinde dowam etdi. Asylly däbe görä, dabaranyň başynda hormatly Prezidentimize Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ak şäherimiz Aşgabadyň hem-de Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan degişlilikde şöhratly Pereňiň ugrundan, Parasat we Hangyzy diýen atlaryň nesli 2021-nji ýylda doglan Paýhasly diýen akýal mele at, ady rowaýata öwrülen Fakirpälwanyň ugruna degişli, Gadymgala we Akmaýa diýen atlaryň nesli, 2022-nji ýylda doglan Märkaw diýen akýal mele at, meşhur Gelşikliniň ugruna degişli, Akpaý we Akjaýar diýen atlaryň nesli 2021-nji ýylda doglan Umman atly gara dor at, meşhur Gelşikliniň ugruna degişli, Dostluk hem Şaperi diýen atlaryň nesli, 2021-nji ýylda doglan Keremli diýen mele at, nesil ugruny şöhratly Gyrsakardan alyp gaýdýan Gala hem Akjagül diýen atlaryň nesli, 2021-nji ýylda doglan Pähimli diýen mele at, Fakirpälwanyň ugruna degişli, Görkli hem Dorsanjar 2 diýen atlaryň nesli, 2022-nji ýylda doglan Sarpaly atly ajaýyp mele bedew sowgat berildi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimize meşhur Gelşikliniň ugruna degişli, Akşäher hem Gyzylgül diýen atlaryň nesli bolan Edermen atly akýal mele bedew sowgat berildi. 

Hormatly Prezidentimize Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň atşynaslarynyň adyndan täze doglan taýçanagyň sowgat berilmegi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan bu taýa at goýup bermegiň haýyş edilmegi dabaranyň aýratyn şowhunly pursady boldy. Nesil ugruny şöhratly Ýelden alyp gaýdýan we Karar hem Gülgetir diýen bedewleriň neslinden bolan taýçanaga Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan bu taýçanagyň ady Ylham bolsun! – diýip, at bermegi ata-babalarymyzdan miras galan asylly däbe eýerip, taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny dakmagy halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden dünýä nusgalyk asylly ýol-ýörelgeleriniň Täze taryhy eýýamyň ruhuna laýyk mynasyp dowam etdirilýändigini bütin äleme buşlady. 

Dabaranyň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jem leýji tapgyry geçirildi. Görkeziliş meýsançasyna deslapky tapgyrlarda emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolan, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen hormatly ada eýe bolmaga has mynasyplar diýlip ykrar edilen täsin beden gurluşly, biri-birinden owadan bedewleriň 10-sy çykaryldy. 

Ýeri gelende, Halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna meşhur Gyrsakaryň hem Fakirpälwanyň hersiniň ugruna degişli üç sany, ady rowaýata öwrülen Gelşikliniň ugruna degişli iki sany, Pereň, Skak ýaly ajaýyp atlaryň hersiniň ugruna degişli bir at – jemi on sany ahalteke atynyň saýlanandygyny bellemek gerek. Olar Gadymy, Gözbaş, Watançy, Meleguş diýen mele, Görnükli, Gylykly, Edermen, Paýhas diýen dor, Gaçgyn atly gurt mele we Meleguş atly akýal mele reňkli atlardyr. 

Ahalteke bedewlerine mahsus bolan tyllaýy reňk öwüşginleri, göreniňde gözüňi egleýän owadan keşbi, ýyndamlygy, gujurgaýraty we çydamlylygy öz işlerini sungat derejesine ýetiren tutanýerli seýisleriň, atşynaslaryň köpýyllyk irginsiz zähmetiniň miwesidir. Bäsleşigiň düzgünine görä, jemleýji tapgyra gatnaşýan bedewler ilki asyl durkunda, soňra bolsa ussat zergärleriň taýýarlan milli şaý-sepleri hem eýer-esbaplary bilen bezelip-beslenen görnüşde iki sapar tomaşaçylaryň öňünden geçirildi. Bäsleşigiň jemi boýunça «2024-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen hormatly ada 2017-nji ýylda doglan, Gadymgala we Dürli diýen atlaryň neslinden bolan, meşhur Fakirpälwanyň ugruna degişli Gadymy atly mele at mynasyp boldy. 

Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş baýragy – «Toyota Highlander» kysymly awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy. 

Şol günki esasy dabaralardan soň hormatly Prezidentimiziň akademiýanyň ýapyk manežine gelip, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli özüne sowgat berlen behişdi bedewleri Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna hem-de talyplaryna gowşurýandygyny habar bermegi hem-de bilim ojagymyzyň ähli işgärlerine «At arkasy gutly bolsun!» diýip, bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende galdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etmegi şol taryhy günüň hiç wagt ýatdan çykmajak wakasy boldy. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna, Arkadag şäheriniň atşynaslaryna «akylly» şäherde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan 120 maşgala niýetlenen täze jaýlaryň açarlaryny «Täze jaýlar gutly bolsun, ýurt garşy alsyn!» – diýip, sowgat hökmünde gowşurmagy atşynaslarymyzyň toý şatlygyny goşalandyran buýsançly waka boldy. Ýerine ýetirilen halk aýdym-sazlarynda we häzirki zaman äheňli çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň we milli buýsanjymyz, keremli türkmen topragynyň bezegi bolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň waspy belentden ýetirildi.


Daýanç ANNAMYRADOW, 
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň
 Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň 
weterinariýa barlaghana bölüminiň mikologiýa 
bölümçäniň başlygy

Soňky goşulanlar