Makalalar

ATLARY BEJERMEK ÜÇIN ELEKTROMAGNIT BEJERGINIŇ PEÝDASY

ATLARY BEJERMEK ÜÇIN ELEKTROMAGNIT  BEJERGINIŇ PEÝDASY

Häzirki döwürde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde atlaryň fizioterapiýa usullary, şol sanda elektromagnit energiýasynyň atlaryň organizmine edýän täsirine esaslanýan elektromagnit bejergisi hem ylmy taýdan öwrenilýär. Bu ylmy işler üçin ýörite “Biomag Lumina Vet” (Çehiýanyň önümi) atkeçesi ulanylýar.

Bu uýgunlaşdyrylan “esbap” ulanmak üçin gaty amatly. Ähli atlar atkeçesi bilen tanyşdyr, bu bolsa “täze närse” täsiriniň öňüni almaga mümkinçilik berýär, ol atlary gorkuzýan ýiti ses çykarmaýar we fiziki agyra sebäp bolmaýar. Magnit meýdanynyň organizme edýän täsiriniň fiziki esaslary barada aýdylanda bolsa, ol meýdanyň elektromagnit energiýasynyň zarýadly bölejikleriň mehaniki energiýasyna öwrülmeginden ybaratdyr. Bedeniň içinde hereket edýän zarýadly bölejiklere täsir etmek bilen, magnit meýdany atyň bedeniniň fiziki, himiki we biohimiki proseslerine täsir edýär we dokumalaryň içinde emele gelen ýylylyk bolsa okislenme-dikeldiş we fermentatiw prosesleriniň akymyny üýtgedýär.

Magnit meýdanlarynyň täsiri astynda uly molekulalarda zarýad ýüze çykýar, şeýle hem olaryň magnit duýgurlygy üýtgeýär. Bu, magnit meýdanynyň atyň organizminde biologiki işjeň makromolekulalaryň ugrukdyryjy we konsentrasiýa taýdan üýtgemegine sebäp bolmagyna getirýär, we ol biofiziki prosesleriň tizligine täsir edýär.

Mundan başga-da, magnit meýdanlarynyň täsiri bilen dokumalaryň ion işjeňliginiň ýokarlanmagy bolup geçýär, bu bolsa öýjük madda çalşygyny höweslendirmek üçin zerur şertleriň biri bolup durýar. Magnit meýdanynyň bejeriş täsiriniň mehanizminde tutuş organizmi kadalaşdyrmagyň merkezi we periferiýa neýroendokrin mehanizmleri, immunologiki reaktiwligiň başgaça guralmagy we dokumalaryň mikrosirkulýasiýa prosesleriniň gowulaşmagy rol oýnaýar.

Atlaryň organizminde magnit bejergisi, esasan, çişmä garşy, pökgermä garşy, koagulýasiýany sazlaşdyrýan şeýle hem regenerasiýa hereketlerini höweslendirýän täsir ýetirýär. Elektromagnit bejergisi distrofiki bogun keselleri, myşsa dokumalarynyň çişmegi we atrofiýasy, polinewrit we başga-da köp keselli atlar üçin berilýär.

Fizioterapiýa, hakykatdanam ussat ellerde bolanda dikeldiş we reabilitasiýa ýoluny düýpgöter üýtgedip biljek, we netijesinde atlaryň iş ukybyny ep-esli gowulandyryp biljek güýçli guraldyr. Fizioterapiýanyň bu görnüşi atlary bejermek üçin gaty ýumşak bejeriş serişdesidigine düşünmek gaty möhümdir we diňe weterinar hünärmen bilen maslahatlaşylandan soň ulanylmalydyr.


Annamyradow Kerim
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň
Ylmy-kliniki bölüminiň weterinar lukmany 

Soňky goşulanlar