Hormatly Prezidentimiz Ýurdumyzyň atçylygyna täze tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy at çapyşyklaryny, atly sport we marafon ýaryşlaryny we milli at üstündäki oýunlary ýokary derejede gurnamaga, seýisçilik işleriniň netijelerini ylmy taýdan seljermäge mümkinçilik berýär.
Belli bolşy ýaly, çapyp barýan atyň tizligi aýagynyň hereketleri bilen baglanşykda bolýar. Bu ýagdaýda atyň öz agramy aýaklaryna ýokardan aşak dikligine deň düşýändir. Eger-de pes ýa-da ýyndam tizlikde çapýan atyň aýagynyň hereketleri tizlik bilen sazlaşykda bolmasa, onda dört aýagynyň süňklerine düşýän agramy deň bolmaýar. Bu ýagdaýda atyň öňki aýaklary tutuş göwräni götermegine we dört aýaklaryna düşýän agramyny birneme peseltmegine hem-de göwräni öňe tarap atmagyna ýardam edýär. Öňki aýaklaryna düşýän agramlar atlaryň agsamagyna sebäp bolýar.
Atlarda aýak agyry köplenç olar şikeslenen ýa-da kesellän ýagdaýlarda ýüze çykýar. Aýaklaryň keselleri ýiti we uzak wagtyň dowamynda (hroniki görnüşinde) bolup geçýär. Ýiti görnüşinde geçýän aýak keselleri ýiti agyrly we ýokary gyzgynlyk alamatly bolup geçýär. Hroniki aýak keselleri köplenç ýokarda agzalan alamatlaryň ýeňil görnüşinde bolup geçýär, emma bu keselleri anyklamak kyn bolýar.
Atlaryň egin myşsalarynyň atrofiýasy. Atlaryň egin myşsalarynyň inçelmegi we kiçelmegi (atrofiýasy) olaryň nerw damarlarynyň üzülmeginiň we şikeslenmeginiň esasynda ýüze çykýar. Atlaryň pilçe süňküniň öňündäki myşsalaryň şikeslenmegi nerw damarlaryň süýümleriniň üzülmegine hem-de pilçe süňki bilen bagly myşsalarynyň zeperlenmegine getirýär. Bu ýagdaýda weterinar lukmanlara şikes ýeten atyň pilçe süňkiniň nerw damarlaryň üzülmegini anyklamak we onuň kliniki alamatlaryny ýüze çykarmak kyn bolýar. Bu ýagdaýlarda lukmanlar aty özüne tarap ýöredip görýärler we bu atyň aýaklarynyň çigin bogunlaryna syn edýärler.
Ondan daşgary, lukmanlar ýöräp barýan atyň gysgalýan ädimlerine syn edýärler hem-de onuň esasynda şikes ýeten aýagyny belleýärler. Wagtyň geçmegi bilen atlaryň şikeslenen we az hereketli bolan myşsalaryň galyňlygyna üns bermeli. Uzak wagtlap üns berilmeýän atlaryň ýöreýşi kynlaşýar, ýagny ýöräp barýan atyň öňki aýagynyň biri birden yza tarap çekilmegi pilçe süňkiniň myşsalarynyň nerw damarlarynyň üzülmegine getirip bilýär. Netijede, aýak damarlaryň süýnmegi ýa-da ýolunmagy onuň dokumalarynda gan aýlanyşygynyň bozulmagyna, damar süýümleriniň ölmegine (nekroz) sebäp bolýar.
Atyň aýak çigin süňkiniň bognunyň sowuklamagy (bursit). Bu kesel atlaryň pilçe we çigin süňkleriniň birikdiriji bogunlarda döreýär. Süňk bogunlardaky haltajyk şekilli boşluga “bursa” diýilýär we bu boşluklarda bogun süňkleriniň hereketlerine ýardam edýän suwuklygy (sinowiýa suwuklygy) ýerleşýär. Dürli sebäplere görä bu bogunlar sowuklap, atyň agsamagyna sebäp bolýar. Atlar esasan bu keseliň ýiti görnüşinde agsap başlaýar, emma uzak wagtynda bolup geçýän bursit keseli atlaryň agsamagyna getirmeýär. Bu keseliň alamatlary köplenç agyr ýükleri daşaýan atlarda duş gelýär.
Atlarda pilçe süňkiniň döwülmegi. Pilçe süňkiniň döwülmegi atlarda örän seýrek duş gelýär, sebäbi bu süňk bedeniň iň ýasy we berk myşsalaryň arasynda ýerleşýär. Atlaryň gaty ýerde büdräp ýykylmagy bu süňküniň döwülmegine getirýär. Bu ýagdaýda atlar şikes ýeten aýagyna basyp bilmeýärler. Bu ýagdaýda atlary weterinar lukmanlara bejermek örän kyn bolýar.
Umuman, atlaryň aýaklarynyň şikeslenmegi olaryň aýak bogunlaryň, beden myşsalaryň, nerw damarlaryň ýagdaýlary bilen baglylykda bolup, olaryň ähli içki hem-de daşky ulgamlaryň işleýiş ukybynyň peselmegine sebäp bolýar. Şol sebäpden, atçylyk toplumlarda we hususy hojalyklarda bu kellere garşy döredilýän şertlere, atlaryň howpsuzlyklaryna weterinar lukmanlaryň hem-de atçynaslaryň tarapyndan örän ünsli seretmek möhüm bolup durýar.
Begençdurdy Mülkiýew
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň
Ylmy-kliniki bölümiň wiwariýa
bölümçesiniň müdüri

