Makalalar

ATLARDA MUGTHOR GURÇUKLARYŇ ÝAÝRAMAGYNYŇ ÝYLYŇ MÖWSÜMLERI BILEN BAGLANŞYGY

ATLARDA MUGTHOR GURÇUKLARYŇ ÝAÝRAMAGYNYŇ ÝYLYŇ MÖWSÜMLERI BILEN BAGLANŞYGY

Atlarda mugthor gurçuklaryň döredýän keselleri barada birnäçe alymlar tarapyndan ylmy-derňew işler geçirildi – L.A. Bundina, 2001; O.O. Muromsew, 2004; B.E.Aýtuganowa, 2006; A.H. Gerke, 2007; R.M.Akbaýew, 2015; A.I.  Ýatusewiç A.I., O.A.Borisowa, 2016; Laugier С., 2012; Matthews J. B., 2014; Stratford C. H., 2014 we beýleki alymlar. Bu alymlaryň bellemegine görä, şu günki gün weterinar medisinada atlaryň içege mugthorlaryň zyýanlylygyny öwrenmek örän wajypdyr, sebäbi olar ýaş taýlaryň ösüşinden galmagyna, atlaryň iýmit siňdiriş ýollarynda dürli sanjylaryň döremegine, olaryň içki ulgamlaryň kadaly işlemegine päsgel berip, kähalatda atlaryň ölmegine hem sebäp bolýarlar. Mysal üçin, Russiýa Federasiýa ýurdynyň atçylyk toplumlarynda we hojalyklarynda atlarda takmynan 80-e golaý görnüşlere degişli bolan mugthor gurçuklar tapylandygy anyklanyldy (L.A. Bundina, 2001; O.O.Muromsewa, 2004; W.P.Grigorýew, 2001 we beýleki alymlar). Bu  gelmintleriň köpüsi atlaryň inçe we ýogyn içegelerinde mugthorlyk edýändigi subut edildi.

А.N.Gerke tarapyndan geçirilen ylmy işleriň netijesinde Russiýa Federasiýasynyň S.Peterburg welaýatynda saklanylýan atlaryň içegelerinde we aşgazan ulgamlarynda paraskaris, trihonema, oksiura we strongilida maşgalasyna degişli mugthor gurçuklar duş gelýändigi subut edildi. Ondan daşgary, atlaryň ýaşy ulaldygyça olarda paraskarida mugthor gurçuklaryň azalýandygy hem-de oksiura mugthor gurçuklaryň köpelýändigi subut edildi. Atlarda dürli mugthorlaryň ýaýramagy möwsümleýin geçýändigi ylmy esasda subut edildi, mysal üçin,    paraskarida mugthor gurçuklaryň köpelýän möwsümi ýylyň güýz aýlar bilen bagly bolandygy anyklanyldy (L.A.Bundina, 2012; А.N.Gerke, 2007) 

R.M.Akbaýew, O.A.Borisowa (2026) we beýleki alymlaryň belleýşi ýaly, dürli atçylyk toplumlarynda mugthor gurçuklaryň ýaýramagy atlaryň ýaşy bilen hem baglylykda bolup geçýär. 
Şu günki gün, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziň weterinariýa barlaghana bölüminde atlarda mugthorlyk edýän dürli gelmintleriň ýaýramagyny (epizootiýasyny) hem-de olara garşy berilýän derman serişdeleriniň täsirleri ylmy esasda öwrenilýär.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen ylmy işleriň dowamynda gyş möwsüminiň dekabr-fewral aýlarynyň dowamynda höwür we gysrak hem-de taýly  baýtallarda esasan  Strongylus eguinus we Oxyuris еqui mugthor gurçuklara degişli bolan ýumurtgalaryň bardygy anyklanyldy. Bu toplumynyň athanalarynda ortaça Parascaris eguorum mugthor gurçuklaryň ýaýramagy (интенсивность инвазии) 29,4%-e, Strongilýata maşgalasyna degişli mugthor gurçuklaryň ýaýramagy 26,4%-e hem-de  Oksiura еqui degişli mugthor gurçuklaryň ýaýramagy  16,4%-e deň bolandygy kesgitlenildi. 

Ýokarda görkezilen maglumatlar göz öňüne tutup, bu toplumda ýaz, tomus hem-de güýz möwsümlerde ylmy koprologiki işleriniň dowamly alnyp barylmagy meýilleşdirildi. 
Ylmy-barlag işleriň dowamynda mugthor gurçuklaryň  ýaýramagynyň ýylyň möwsümleri bilen baglanşygy,  geçiriljek degelmintizasiýa işleriň netijesinde mugthor gurçuklara garşy berilýän dürli derman serişdeleriň täsirlerini ylmy taýdan öwreniler hem-de alnan maglumatlar atlaryň saglygyny goramagyna ýardam eder.


Hoşgeldi  AMANMYRADOW
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň 
weterinariýa barlaghana bölüminiň 
Parazitologiýa bölümçesiniň 
esasy ylmy işgäri 

Soňky goşulanlar