Makalalar

AHALTEKE ATLARYNYŇ GANYNYŇ BIOHIMIKI WE GEMATOLOGIK GÖRKEZIJILERINIŇ KADALARYNY KESGITLEMEK

AHALTEKE ATLARYNYŇ GANYNYŇ BIOHIMIKI WE GEMATOLOGIK GÖRKEZIJILERINIŇ KADALARYNY KESGITLEMEK

Bilşimiz ýaly, ahalteke atlary dünýäniň iň gadymy we gymmatly at tohumlarynyň biridir. Atçylyk sungatyny mundan beýläk hem ösdürmek, seçgi esasynda döredilen, ynsan kimin duýgur we gözelligiň nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen şu günki gün Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi bilelikde ahalteke atlarynyň tohum aýratynlyklaryny has-da çuň öwrenmek boýunça birnäçe ylmy-barlag işleri alyp barýar. Bu barlag işleriň esasy wezipeleriniň biri atlaryň saglygyny goramakdan ybaratdyr. Behişdi ahalteke atlaryň kesellerini anyklamakda, öňüni alyş çärelerini geçirmekde we bejermekde, şeýle hem olary kadaly iýmitlendirmekde we ösdürip ýetişdirmekde ahalteke atlarynyň tohum aýratynlygyna görä gan düzüminiň görkezijileriniň kadalaryny ylmy taýdan öwrenmek ähmiýetlidir. 

Ahalteke tohum atlarynyň iýmitlendirmek kadalaryna we saklanyş şertlerine uýgunlaşmak ukyplary ýaly özboluşly aýratynlyklarynyň, olaryň ganynyň biohimiki we gematologik görkezijileri arkaly kadalaryny öwrenmek aýratyn möhüm. Şol bir wagtyň özünde, dürli şertlerde saklanylýan atlaryň gan görkezijilerini ylmy esasda deňeşdirip öwrenmek has-da zerur. Bu barlaglaryň ähmiýeti köpugurlydyr. 

Ilki bilen, ahalteke atlarynyň   ganynyň   derňewi (analizi)   keselleri   anyklamaga, olaryň öňüni almaga, ideg maksatnamalaryny düzmäge we türgenleşik işlerini dogry utgaşdyrmaga uly mümkinçilik berýär. Ganyň dürli görkezijilerini gözegçilikde saklamak, aýratyn- -da uly fiziki güýje sezewar edilýän atlaryň, saglygyny gorap saklamak we keselleriň öňüni almak möhüm bolup durýar. 

Ikinjiden, bu maglumatlar weterinariýa ylmy üçin gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Kesgitlenilen gan görkezijileriniň kadalary dürli keselleriň anyklamasyny goýmakda hem-de bejergisini ýönekeýleşdirmekde ulanylýar. Mundan başga-da, şeýle barlaglar derman serişdeleriniň täsirini bahalandyrmaga we täze bejergi usullaryny işläp düzmäge kömek edýär.
 
Üçünjiden, ganyň biohimiki görkezijileriniň öwrenilmegi seleksiýa işlerinde möhüm orun eýeleýär. Bu barlaglar, atlaryň dürli genetiki gymmatly aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamaga hem-de kämilleşdirmäge ýardam berýär. 

Ahyrky netije hökmünde, bu barlaglar atly sport üçin hem uly ähmiýete eýe. Atyň fiziki ýagdaýynyň görkezijilerini gan barlagy arkaly seljermek, türgenleşik meýilnamalaryny düzmek we şikesleriň öňüni almak üçin esasy gural bolup hyzmat edýär. Bu bolsa ahalteke atlarynyň bäsleşiklerde ýokary netijelere ýetmeginde aýratyn möhüm bolup durýar.

Ylmy-barlag işiň maksadyna ýetmek üçin aşakdaky wezipeler öňde goýulýar: 
1. Ahalteke tohum (sagdyn) atlarynyň ganynyň biohimiki we gematologik görkezijilerini, kadalaryny jyns we ýaş toparlaryna bölüp, olaryň arasyndaky baglanyşyklary ylmy taýdan seljermek; 
2. Ahalteke tohum (sagdyn) atlarynyň ganynyň biohimiki we gematologik görkezijileriniň kadalaryny kesgitlemek; 
3.  Dürli şertlerde saklanylýan atlaryň gan görkezijilerini deňeşdirmek we ylmy esasda öwrenmek; 

Ilkinji gezek ahalteke tohum atlarynyň ýaş we jyns aýratynlyklary beýleki tohum atlardan tapawutlykda, olaryň ganynyň biohimiki we gematologik görkezijileriniň kadalary ylmy taýdan kesgitlenilýär we ylmy esasda öwrenilýär. Dürli şertlerde (dagda, örüde we adaty toplumlarda) saklanylýan atlaryň gan görkezijileri deňeşdirilýär we onuň aýratynlyklary ylmy esasda öwrenilýär. Bu ylmy işde dürli ýaş we jyns toparlaryndan (aýratynlykda) ahalteke sagdyn tohum atlarynyň ganynyň nusgalary alynýar. Nusga almak üçin, atlaryň arasynda jynsy, ýaşy boýunça dürli toparlar döredilýär. Kada boýunça her bir atdan ganyň iki nusgasy alynýar. 

Ahalteke   atlarynyň gemаtologik gan barlaglary – «HORIBA ABX Micros ESV 60» kysymly enjamda kabul edilen usulyýetleriň esasynda geçirilýär. MICROLAB 300 kysymly enjamda bolsa ganyň biohimiki seljermesi geçirilýär. Gematologik barlaglar, ganyň EDTA probirkasy bilen alnan gan nusgasy şu aşakdaky görkezijiler boýunça barlanýar: Gan biohimiki barlaglar: antikoagulýantsyz alnan ganyň nusgalary serumlaýyn (suwuk görnüşinde) barlanar we şu aşakdaky görkezijiler boýunça barlaglar geçiriler: glýukoza, AcAT, ALAT. Barlaglaryň ahyrynda statistiki seljerme One-Way ANOVA usuly bilen seljerilip, toparlaryň arasyndaky tapawutlar kesgitleniler. Duncan’s multiple range test usuly bilen maglumatlara giňişleýin düşündiriş berler.

Umuman, ahalteke atlarynyň ganynyň biohimiki we gematologiki görkezijileriniň kadalaryny öwrenmek – olara ideg etmek, bejermek we taýýarlamak usullaryny kämilleşdirmekde möhüm ädim. Bu barlaglar ajaýyp atlaryň tohum arassalygyny, saglygyny gorap saklamaga we önümçiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.


Geldi GURBANOW, 
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň 
Weterinariýa barlaghana bölüminiň 
himiki-toksikologiýa bölümçesiniň 
başlygy 


(№1(27)2025 “Behişti ahalteke atlary” atly žurnalyň sahypasyndan)

Soňky goşulanlar