Dermanlyk ösümlikler barada söz açanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabynyň her bir ylmy işgäre, lukmançylyk ulgamynyň işgärlerine, dermanlyk çig mallaryny taýýarlaýanlara, ýygnaýjylara we ösümlik dünýäsi bilen iş salyşýan ähli adamlara dermanlyk ösümlikler baradaky bilimlerini baýlaşdyrmakda, ösümlikleriň daşky gurluşy, ösüş şertleri, himiki düzümi, lukmançylykda peýdalanylyşy, ýygnamagyň möwsümleri hem-de usullary, saklamagyň düzgünleri dogrusyndaky gymmatly ylmy maglumatlary peýdalanmakda uly ýardam berýändigini buýsanç bilen belläp geçmelidiris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Arkadag şäherindäki döwrebap ýokary tehnologiýaly enjamlar ornaşdyrylan «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde atçylyk pudagyny kämilleşdirmek we arassa ganly bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak maksady bilen, ahalteke atlaryň tohum arassalygynyň gorap saklanylmagyna, nesil dowamatynyň yzygiderliliginiň alnyp barylmagyna, ösdürip ýetişdirmek, idetmek we iýmitlendirmek kadalarynyň ylmy taýdan öwrenilmegine giň mümkinçilikler döredilen.
Şu günki gün dünýä tejribesinde atçylyk pudagynda atlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, immunitetini ýokarlandyrmakda, wiruslara, bakteriýalara we kömeleklere garşy göreşmekde ýardam berýän dermanlyk ösümlikleriň ýetirýän ähmiýetli täsirleri ylmy işlerde anyklanylýar. Mysal üçin, birnäçe derman ösümlikleriň atlara ýetirýän täsirleri barada maglumatlar E.Robinsonyň kitabynda beýan edilýär (Э.Робинсон. Болезни лошадей. Современные методы лечения: пер. с англ./Э. Робинсон. М.: Аквариум-Принт, 2007г.). Itburun dermanlyk ösümligi barada gyzykly maglumatlar N.Lamanyň kitabynda giňişleýin beýan edilýär (Николай Ламан, Наталия Копылова. Шиповник – природный концентрат витаминов и антиоксидантов – Минск, 2017.)
Itburun dermanlyk ösümliginiň owradylan görnüşiniň haýwanlara bir günüň dowamynda 50 gram möçberde berilýändigi barada maglumatlar bar [ООО «БИОТЕХ-Ц» производитель лекарственных травяных сборов и подкормок электрон.ресурс. Режим доступа: http://koni-travi. ru/information/]. Itburun ösümliginiň miwesiniň düzüminde: fenolyň birleşmeleri, karotinoidler, askorbin kislotasy, ýaglar, linolein kislotasy, fitosterollar, sitosterol we beýleki peýdaly maddalar saklanýar. Mysal üçin, bu ösümlikdäki polifenollaryň haýwanlaryň bedenine antioksidant täsirlerini ýetirýändigi barada hem maglumatlar bar (I.Paular, Analysis of the existing research regarding the use of the species rosa canina., 2020 ýyl). Itburun derman ösümliginiň miwesinden ýasalýan dermanlaryň biologik gymmatlyklary barada hem-de derman goşundylaryň galyndysyz öndürilmeginiň tehnologiýasy barada maglumatlar hem öwrenildi (H.Kilicgun, A.Dehen, In vitro Antioxidant Effect of Rosa canina in Different Antioxidant Test Systems. Pharmacongnosy Research, 2009.)
Şeýle hem andyz ösümligi çiş kesellerine, bogun keselleriniň bejerilmegine, iýmit-siňdiriş ulgamlarynyň kesellerine garşy giňden ulanylýar. Bu ösümlik haýwanlaryň bölüp çykaryş, dem alyş, ýürek-damar we immun ulgamlaryna peýdaly täsirlerini ýetirip, olaryň işiniň kadalaşmagyna ýardam edýär. Şeýle hem andyz ösümliginiň atlara ekzogen täsirleri, ýagny deri mugthorlaryna (sakyrtgalara we ş.m.) garşy öz täsirlerini ýetirýändigi barada maglumatlar bar (Асадова Шалола Ильхомовна, Лечебные свойства растения бриония двудомная, переступень. 2018г.). Andyzyň köki (lat. Radix Bryoniae albae recens), esasan, dermanlyk çig mal hökmünde ulanylýar. Bu derman ösümliginiň täze ýyglan köklerinden «Akofit» atly derman serişdesi taýýarlanylýar hem-de bu derman, esasan, guragyra (rewmatizm), iç sanjylaryna, çişli we beýleki kesellere garşy ulanylýar (Pohlmann J., Die Cucurbitacine in Bryonia alba und Bryonia dioica. Phytochem., 1975; 14 (7): 1587- 1589).
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitaplaryny peýdalanmak bilen, itburun (шиповник обыкновенный – Rosa canina) we andyz (переступень двудомный – bryonia dioica) dermanlyk ösümlikleriniň atlara berilýän ot-iým binýadyny baýlaşdyrmakda, atlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, bedeniň immunitetini ýokarlandyrmakda ýetirýän täsirlerini ylmy esasda öwrenmek maksady bilen «Atlaryň immunitetine täsirini ýetirýän dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy iş alnyp barylýar.
Bu ylmy işiň dowamynda merkeziň hünärmenleri tarapyndan itburun we andyz dermanlyk ösümlikleriniň ýokumlylygy «Foss Nirs» (Daniýa, NIRS TM DA1650) enjamynyň kömegi bilen kesgitlenildi. Onuň üçin bu işleriň dowamynda ýokarda agzalan guradylan dermanlyk ösümliginden 30 gram möçberinde külke taýýarlanyp, «Foss Nirs» enjamynda barlanyldy. Ýerine ýetirilen işleriň netijesinde, itburun dermanlyk ösümliginiň ýaglylygynyň – 2,52%, belogynyň – 8,49%, krahmalynyň – 14,2 %, şeýle hem andyz dermanlyk ösümliginiň ýaglylygynyň – 1,2%, belogynyň – 23,87 %, krahmalynyň – 36,6% bolandygy anyklanyldy. Bu esasda itburun we andyz dermanlyk ösümlikleriniň atlara ähmiýetli täsirini, ýetirýän farmaseptik aýratynlyklaryny ylmy esasda has-da içgin öwrenmek meýilleşdirilýär.
Itburun (Rosa canina), esasan, Köpetdagyň jülgelerinde, eňňitlerinde, çeşmeleriniň boýlarynda köp duş gelýän gyrymsy ösümlikdir. Itburun bägüller maşgalasyna degişli bolup, onuň boýy 1,5–2,0 metre ýetýän ýabany ösýän ösümlikleriň bir görnüşidir. Itburun derman ösümliginiň miwesi ýumurtga şekilli, togalak ýa-da şar görnüşli, uzynlygy 1–2 sm-e deň bolup, bişende mämişi-gyzyl ýa- -da gyrmyzy reňkli bolýar. Bu ösümligiň miwesiniň agramy 1,7–3,2 grama barabar. Ol maý–iýun aýlarynda gülläp, iýul–sentýabr aýlarynda miweleýär. Itburun witaminlere baýdyr. Onuň miwesiniň düzüminde: B, K, P we beýleki witaminler, karotin, şeker, aşgar maddalary, dürli mikroelementler bolup, çigidinde bolsa E witamini bardyr. Şonuň üçin itburna «witaminleriň sandygy» hem diýilýär. Itburnuň miwesi özünde köp mukdarda C witaminini (askorbin turşusyny) saklaýar. Bu witamin gan damarlarynyň basyşyna hem-de madda çalşygynyň kadalaşmagyna öz täsirini ýetirýär. Dermanlyk ösümliginiň düzümindäki flawonoidler bedeni kesellerden goramakda uly ähmiýete eýedir. Olar damarlaryň gan aýlanyşygyna we ýüregiň işiniň kadalaşmagyna peýdaly täsirini ýetirýär.
Andyz ( переступень двудомный – (Bryonia dioica) – kädiler maşgalasyna degişli bolan köpýyllyk otjumak ösümlik. Onuň köki iki bölekden ybarat. Ösümlik türkmen halkynyň arasynda irki zamanlardan bäri meşhurlyga eýe. Munuň şeýledigini bu ösümlik bilen baglanyşykly dörän «Andyzlynyň aty ölmez» diýen nakyl hem subut edýär. Diýarymyzda bu ösümlik Günorta we Günbatar Köpetdagda: Nohurda, Saýwanda, Deştde, Könegümmezde, Aýyderede, Parhaýda, Bogundarda, Süntde, Akgaýada; Merkezi Köpetdagda: Arçabilde, Gökderede, Sarymsakda, Sülükde, Mergenölende, Heýrabatda, Garaňkyda, Howdanda duş gelýär. Andyz çyglyrak hem kölegeli ýerlerde gowy ösýär. Ol maý–awgust aýlarynda gülleýär. Dermanlyk maksatlary üçin, esasan, ösümligiň köki hyzmat edýär. Andyz köküniň düzüminde amorf glikozidler, brionin, briogenin, glýukoza, krahmal, moçewina, alma turşusynyň duzlary we beýleki maddalar bar. Bu ösümlik ýarany bitiriji, agyry aýryjy, rahatlandyryjy, peşew bölüp çykaryjy hem-de gan köpeldiji täsirleri bilen bellidir.
Ahalteke atlarynyň gadymy tohumy türkmen topragynda halk seçgisiniň esasynda müňýyllyklaryň dowamynda kemala getirilipdir. Türkmenistanda gözelligiň we ajaýyplygyň nusgasy hasaplanylýan ahalteke bedewlerimiziň dünýä derejesindäki at-abraýynyň has hem belende göterilmegi ugrunda ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Özüniň gözbaşyny müňýyllyklaryň dowamyndan alyp gelýän ahalteke bedewlerimiz owadanlygy, işjeňligi hem-de arassa ganlylygy bilen tanalýan milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiz adamyň ynsanperwer duýgusyna duýgur, ruhdaş dostdur. Türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasynyň üns bilen goralyp saklanylmagy we onuň gymmatlyklarynyň dünýäde ýaýradylmagy ýurdumyzyň döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň ösdürilmegine hem-de milli atçylyk pudagynyň täze sepgitlere ýetirilmegine mümkinçilik berýär.
Gülşat MEREDOWA,
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň
esasy ylmy işgäri
(№1(27)2025 “Behişti ahalteke atlary” atly žurnalyň sahypasyndan)

