Baş baýramymyz – Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň şanyna guralýan dabaralaryň çäginde Günüň nuruna lowurdap duran reňki bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän, owadan şaý-sepler hem eýer-esbaplar bilen birkemsiz bezelen naýbaşy ahalteke bedewiniň meýdança çykarylmagy Uly toýuň aýratyn şowhunly pursady boldy. 2020-nji ýylda doglan mele reňkli Arkaly diýen saýlama ahalteke aty behişdi bedewleriniň muşdaklarynyň arasynda giňden tanalýan 2007-nji ýylda doglan mele reňkli Meleguş we 2015-nji ýylda doglan dor reňkli Elwan diýen bedewleriň nesil dowamaty bolup, öz döwründe ýyndamlykda we owadanlykda tapawutlanan şöhratly Garlawajyň ugruna degişlidir.
Bu nurana bedewiň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk toýy mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri, türkmen halkynyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy, Watanymy mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda hemişelik aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza sowgat berlendigini ýatlamak gerek.
Ýeri gelende, bu nurana bedewiň gelip çykyşy – şejeresi we beden ölçegleri bilen ýakyndan tanyş bolalyň.
Atşynas hünärmenler topary tarapyndan geçirilen tohum bedewleriň gelip çykyşyna (şejeresine), syn-sypatyna, beden ölçeglerine we işjeňlik ukybyna hem-de olaryň tohumçylyk hiline we gymmatyna aýratynlykda we köptaraplaýyn baha bermek işleriniň netijesi boýunça gerşiniň beýikligi 1 metr 60 santimetr, göwresiniň kese uzynlygy 1 metr 61 santimetr, çekiliginiň ýogynlygy 1 metr 72 santimetr, injiginiň ýogynlygy 19 santimetr görnüşinde hasaba alnan Arkaly beden ölçegleri we synasynyň ýerbe-ýerligi boýunça naýbaşy ahalteke atydyr.
Ýokarda belleýşimiz ýaly, Arkaly atly bedewiň atasy 2007-nji ýylda doglan Meleguş diýen mele at bolup, ol hem öz gezeginde 2000-nji ýylda doglan mele reňkli Melehan we 2002-nji ýylda doglan Talwas diýen atlaryň neslidir. Arkalynyň enesi Elwan bolsa, 1999-njy ýylda doglan dor reňkli Gadymyýet hem 2007-nji ýylda doglan gara reňkli Ýepelek diýen atlaryň neslidir.
Soňra ýurdumyzyň Garaşsyzlygyň erkana ýoly bilen ösüşleriň belent sepgitlerini nazarlap barýandygyny alamatlandyryp, elleri pasyrdaýan ýaşyl baýdakly türkmen çapyksuwarlarynyň ýörişi geçirildi. Şeýle-de dabaralar meýdançasynda ýerine ýetirilen şowhunly edebi sazly kompozisiýanyň dowamynda ahalteke bedewleriniň meşhur nesil ugurlaryny döreden ussat seýis Aba Annaýewiň keşbi janlandyryldy. Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda açylan atçylyk we atly sport üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan, dünýäde ilkinji atçylyk ýokary okuw mekdebi halkara atçylyk akademiýasy meşhur seýis, ussat atşynas Aba Annaýewiň adyny göterýär. Dabaralaryň çäginde, ady rowaýata öwrülen şöhratly Akhan atly bedew bilen meýdança çykan ahalteke atlary dabara gatnaşyjylarda uly buýsanç döretdi.
Şowhunly dabaralaryň çäginde «Türkmen atlary» döwlet birleşigi hem-de dünýäde şöhrat gazanan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary tarapyndan taýýarlanylan täsin atly tomaşa dabara gatnaşýan ildeşlerimizi we myhmanlary haýran galdyrdy. Ezber türkmen çapyksuwarlarynyň biribirinden çylşyrymly ýörite maksatnama esasynda at üstünde haýran galdyryjy tilsimleri ýerine ýetirmek ussatlygy, at üstünde emele getiren, depesinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy pasyrdaýan özboluşly akrobatik piramidasy Berkarar döwletimiziň Baş baýramyna mynasyp sowgat boldy.
Döwrangylyç PURRYÝEW,
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň
direktory
(№1(25)2024 “Behişti ahalteke atlary” atly žurnalyň sahypasyndan)

