Makalalar

BEHIŞDI BEDEWLER – TOÝUŇ BEZEGI

BEHIŞDI BEDEWLER – TOÝUŇ BEZEGI

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak hem-de wagyz etmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýär. Muňa Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda täze doglan taýçanaklara Gahryman Arkadagymyzyň Şahyr, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ylham diýen atlary dakmaklary hem şaýatlyk edýär. 

Şowhunly toýhanany ýada salýan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň howlusynda täsin bezeg şaý-sepleri döredýän ussat zergäriň iş pursady, muzeý gymmatlyklary, häzirki zaman suratkeşleriniň eserleri görkezildi. Bedewleri baýramçylyga kybap bezäp-beslemek üçin ýasalan ajaýyp şaý-sep toplumlary bolsa halkymyzyň göz guwanjy bolan ýelden ýüwrük atlaryna goýýan çäksiz sarpasynyň güwäsidir. Bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary, pälwanlaryň tutluşyklary bu dabara türkmen toýlaryna mahsus baýramçylyk öwüşginini çaýdy. 

Hemişe bolşy ýaly, halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewleriň şanyna döwlet derejesinde tutulan uly toýuň esasy bezegi at çapyşyklary boldy. At çapyşyklary çapyksuwarlar üçin uly synag bolup, ol çapyksuwardan dogumlylygy, ugurtapyjylygy, tutanýerliligi we elbetde, atlara bolan söýgini, olara düşünmek başarnygyny talap edýän milli sungatdyr. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli aralyklara at çapyşyklarynyň jemi 7-si geçirildi we olara bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, gyzgalaňly çapyşyklar bilen öz janköýerlerini begendirdiler. Şeýlelikde, birinji çapyşyk ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1200 metr aralyga geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Toýly Pirmyradowyň seýislän we çapyksuwar Merdan Kiçigulowyň erk etmeginde çapuwa goşulan Ýelogly (Ýazgeldi – Nowbahar) atly mele bedew pellehana ilkinji bolup geldi. Ikinji çapyşygyň menzili hem 1200 metre deň boldy. Bu çapyşykda bedewler ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň baýragyny almak ugrunda bäsleşdiler. Onda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Garaýel (Garazat – Ýelsona) atly gara gysragy pellehana birinji gelmegi başardy. Garaýeli ýaryşa seýis Hezret Babalyýew taýýarlady, onuň çapyksuwary Kerimberdi Polaýew. Üçünji çapyşykda-da bedewler ýurdumyzyň söwda toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1200 metr aralyga bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli Dorsekil (Dostluk – Gülnahal) atly dor bedew ýeňiş gazandy. Dorsekili bu ýaryşa Ahmet Muhammedow seýisledi, onuň çapyksuwary Yslamguly Allanazarow. Dördünji çapyşykda üçýaşar saýlama bedewler Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baýragyny almak ugrunda 1600 metr aralyga ýaryşdylar. Onda seýis Hemra Gaýypnazarowyň seýislän we çapyksuwar Halmyrat Nazkulyýewiň erk etmeginde ýaryşa goşulan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Menzil (Mertebeli – Gülzada) atly gyr bedewi birinji gelmegi başardy. Bäşinji çapyşyk ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň baýragyny almak ugrunda geçirildi. 1600 metr aralyga güýç synanyşan dört we uly ýaşar bedewleriň arasynda pellehana ilkinji bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary Orazmyrat Annalyýewiň seýislän we Serdar Çaryýewiň çapyksuwarlyk etmeginde ýaryşa goşulan Şägirt II (Şahan – Kesearkaç) diýen dor at geldi. 

Altynjy çapyşykda aýlaw baglan dört we uly ýaşar atlar ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1800 metr aralyga bäsleşdiler. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Begzada (Bahreýn – Armyt) atly dor aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Salyh Rahymow, çapyksuwary Şageldi Myradow. Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy hem-de Göçme Kubogy almak ugrunda 1800 metr aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen (Bahreýn – Kaknus) atly akýal mele aty ýeňiji boldy. Onuň seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Maksatmyrat Agamyradow, çapyksuwary ussat çapyksuwar Begençmyrat Agamyradow. 

Soňra baýramçylyk at çapyşyklarynyň, şeýle hem umumymilli baýramçylyk mynasybetli geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň, bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýun ça bäsleşiginiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Meşhur atly bedew diňe ýyndamlygyň däl, eýsem, çydamlylygyň hem iň gowy nusgasyny görkezdi. Onuň çapyksuwary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby O. Annaýew. Päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Atly sport federasiýasyna degişli Toýçy atly bedew birinji orny eýeledi. Onuň çapyksuwary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Ý. Garajaýew. 

Toýdan serpaýly çapyksuwarlar döwletimiz tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden peýlanyp, atşynaslygyň şöhratly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde, bedewleriň ahalteke tohumyny giňden wagyz etmekde mundan beýläk-de tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.


Azat AÝTJANOW, 
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň 
Atçylyk ylmy –önümçilik merkeziniň 
zootehniýa bölüminiň esasy ylmy işgäri


(№2(26)2024 “Behişti ahalteke atlary” atly žurnalyň sahypasyndan)

Soňky goşulanlar