Ahalteke atlary kadaly şertlerde ösdürilip ýetişdirilende we seýislenende diňe bir ajaýyp görke we islendik aralyklara çapmakda ýyndamlyga eýe bolmakdan başga-da, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerinde, gözellik bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş etmäge ukyply bolýar.
Häzirki zaman atçylyk sport toplumlarda dürli ýaş we jyns topar atlary talabalaýyk şertlerde saklamak, ideg etmek we seýislemek üçin ähli şertler bar. Ýaş ahalteke atlary seýislenilende olary dürli tizlikde ýöretmek üçin Germaniýanyň «Kraft» kompaniýasynyň enjamlary oturdylan. Bu enjamyň kömegi bilen atlar günüň dowamynda iki gezek, ýagny birinde bir sagatlap dürli tizlikde (ýöriş, gorgun we öňürdik) hereket etdirilýär. Şonuň bilen birlikde toplumdaky ýaş taýlary we seýislenýän atlary suwda ýöretmek we ýüzdürmek üçin ýöriteleşdirilen suw howdanlary bilen üpjün edilendir. Bu howdanlar suwda hereket edýän atlaryň bedeniniň ösüşine, beden etleriniň we bedeniniň umumy berkemegine uly ýardam berýär.
Häzirki zaman atçylyk sport toplumlary ahalteke atlarynyň saglyk ýagdaýyna gözegçiligi ýokary hilli amala aşyrmak üçin zerur bolan döwrebap enjamlar bilen hem üpjün edilendir. Mysal üçin, toplumdaky fizioterapewtiki otagda atlaryň agramyny ölçemek üçin «Dikomsan» elektron terezisi, olaryň bedeninde fiziologik ölçegleri geçirmek üçin «Horse gym 2000» ýöriteleşdirilen elektron ylgaw ýodasy we atlary ultramelewşe şöhlesi bilen şöhlelendirmek üçin «Sunny» enjamy bilen hem üpjün edilendir. Atlar emeli ylgaw ýodasynda dürli tizlikde işledilende olaryň ýürek urşundaky we dem alşyndaky özgerişlikler ýörite ölçegleri almak arkaly öwrenilýär.
Weterinariýa bölümi döwrebap, kompýuterleşdirilen rentgen, lazer we beýleki enjamlar bilen üpjün edilen. Weterinar bölümi ahalteke atlaryndan alnan gan nusgalarynyň barlaglaryny geçirmek üçin ýöriteleşdirilen IDEXX kompaniýasynyň enjamlary bilen üpjün edilen, ýagny ganyň elektrolitleriniň we gazlaryň mukdaryny kesgitlemek üçin «IDEXX Vetstat», gan öýjükleriniň umumy mukdaryny kesgitlemek üçin «IDEXX Vetautoread», ganyň himiki düzümini anyklamak üçin «IDEXX Vet Test» we beýleki enjamlar oturdylandyr. IDEXX enjamlary esasan innowasion optiki lazer tehnologiýasy ulanylyp, gan öýjükleriniň mukdaryny takyk we şol wagtda hasaplamaga mümkinçilik berýär.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çäginde molekulýar genetikanyň barlaghanasy ýerleşýär. Bu barlaghanadaky barlaglar döwrebap enjamlaryň kömegi arkaly geçirilýär we olaryň netijeleri hasaba alynýar. Genetiki barlaghanasy «Segstudio» genetik analizatory, «SimpliAmp» denaturatory, «Applied biosistems» amplifikator bilen üpjün edilen we bu enjamlarda gysga wagtyň dowamynda genetiki barlaglar ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty netijesinde ahalteke atçylygyny ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda hereket edýän atçylyk sport toplumlarynda döwrebap innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Rahman ABAÝEW,
Çeşme: «TÜRKMEN BEDEWI WE DÜNÝÄNIŇ SEÝISÇILIK SUNGATY» atly XII ylmy maslahatynyň nutuklarynyň gysgaça beýany 2020-nji ýylyň 23-nji apreli

