Makalalar

TÜRKMENISTAN BILEN AZERBAÝJANYŇ ARASYNDAKY GATNAŞYKLAR - BEHIŞDI BEDEWLERE BOLAN SÖÝGÄ ESASLANÝAR.

TÜRKMENISTAN BILEN AZERBAÝJANYŇ ARASYNDAKY GATNAŞYKLAR - BEHIŞDI BEDEWLERE BOLAN SÖÝGÄ ESASLANÝAR.

Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasyndaky gatnaşyklar diňe bir goşulyçylyk däl, eýsem umumy taryha, medeniýete we iň esasy hem — behişdi bedewlere bolan çuňňur söýgä esaslanýar. Hazar deňzi arkaly birleşýän bu Iki doganlyk döwlet, atçylyk sungatyny ösdürmekde dünýäniň iň naýbaşy merkezleri hasaplanýar.

Türkmen we azerbaýjan halklarynyň taryhynda at, diňe bir ulag serişdesi däl-de, eysem maşgalanyň agzasy, namys we mertebe hasaplanypdyr. Türkmenistanyň Ahal-teke atlary bilen Azerbeýjanyň Garabag bedewleri, Gündogaryň atçylyk medeniýetiniň iki sany parlak ýyldyzydyr.

Şol iki tohumlaryň arasyndaky meňzeşlikler we taryhy gatnaşyklar iki halkyň ruhy dünýäsiniň neneňsi ýakynlygyny görkezýär. Şonuň üçin häzirki agtda bu pudakda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk täze many mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Atçylyk: Medeni Diplomatiýanyň Altyn Köprüsi:

Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasyndaky dostlugy berkitmekde atçylyk sungaty «ýumşak güýç» hökmünde çykyş edýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary şulardan ybarat:

Tejribe alyşmak: Iki ýurduň seýisleri we hünärmenleri atlary seýislemek, olaryň iýmitini we saglygyny saklamak boýunça yzygiderli tejribe alyşýarlar.
 
Halkara bäsleşikler: Türkmen bedewleriniň baýramynda Azerbaýjanly wekilleriň işjeň gatnaşmagy we Azerbeýjanda geçirilýän atçylyk çärelerinde türkmen seýisleriniň hormatlanmagy dessurlarymyzyň dowamatydyr.

Genofondy goramak: Gadymy tohumlaryň asyl durkuny saklamak we olaryň dünýä derejesindäki şöhratyny artdyrmak ugrunda bilelikde ylmy işler alnyp barylýar

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbeýjanyň Prezidentiniň tagallalary bilen, bu pudakda täze ylalaşyklar baglaşylýar. Atçylyk sportuny ösdürmek, aýlawlaryň döwrebaplaşdyrylmagy we at üstündäki milli oýunlaryň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, bu ugra berilýän uly ünsüň netijesidir.



Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň 
bölüm müdiri Hojageldiýew Begmyrat.

Soňky goşulanlar