Makalalar

Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi

Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi

      “At-myrat” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny bedewler bilen baglanyşdyrypdyr. Gözelligiň we kämilligiň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Türkmenistanyň täze taryhy eýýamdaky okgunly ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi” diýen parasatly Gahryman Arkadagymyzyň sözlerinden ugur alyp, 2026-njy ýylyň şygarynyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip atlandyrylmagy mynasybetli “Arkadag” gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti bilen bilelikde “Arkadag şäheri – behişdi bedewleriň mekany” atly döredijilik bäsleşigini ýylyň başynda yglan etdi.

      Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň dowamynda yglan edilen bäsleşigine Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri gatnaşdy we birnäçe makala taýýarlanyp “Arkadag” gazetine tabşyryldy. 

      Geçirilen “Arkadag şäheri – behişdi bedewleriň mekany” atly döredijilik bäsleşiginde Baş baýraga Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alym kätibi Rahman Abaýew mynasyp boldy we Hormat haty bilen sylaglanyldy.



Begenç Mülkiýew,      
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň 
ylmy-kliniki bölüminiň müdiri w.w.ýe.ýe

Soňky goşulanlar