Makalalar

«Behişti bedewler – türkmen halkynyň milli mirasy we buýsanjy» atly aýdym-sazly çäre geçirildi

«Behişti bedewler – türkmen halkynyň milli mirasy we buýsanjy» atly aýdym-sazly çäre geçirildi

Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde 2026-njy ýylyň 17-nji aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Behişti bedewler – türkmen halkynyň milli mirasy we buýsanjy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi şowhunly geçirildi. Onuň dowamynda Arkadag şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň we Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen baglanyşykda çykyşlaryny amala aşyrdylar. 

Bu aýdym-sazly baýramçylyk çäresini Ogulnar Baýramowa – Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni alyp ardy we Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi tarapyndan Gülşat Meredowa, Zybagözel Kakabaýewa, Aýjeren Ýakubowa, Bäşimow Geldimuhammet we Ezizhan Isaýew uly höwes bilen gatnaşyp, türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen ahalteke bedewler we türkmen seýisleriniň sungaty barada gyzykly cykyşlaryny ýerine ýetirdiler.    


Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň 
bölüm müdiri Hojageldiýew Begmyrat.

Soňky goşulanlar