Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Nowruz baýramy halkara derejesinde parahatçylygyň, agzybirligiň we dostlugyň nyşany hökmünde uly dabara bilen bellenilip geçilýär. 2026-njy ýyl Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi bilen atçylyk ylmynda düýpli ösüşleriň gazanylan ýylyna öwrüldi.
2026-njy ýylyň 18-nji martynda Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde «Nowruz baýramy — Berkarar döwletimiziň ruhy galkynyşynyň we rowaçlygynyň nyşany» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu ylmy-amaly maslahatynda merkeziniň hünärmenleri çykyş edip, halkymyzyň gadymy medeni mirasy, milli gymmatlyklary we köpasyrlyk däp-dessurlary giňeşleýin beýan etdiler.
Ylmy-amaly maslahatynda beýan edilen Rahman Abaýewyň, Gülşat Meredowanyň, Kerim Annamyradowyň we Ogulnabat Bajamowanyň çykyşlary diňlenildi we olaryň mazmuny örän gyzykly bolandygy bellenildi.
Orazow Marat
Ylmy-önümçilik merkeziniň
ylmy-kliniki bölüminiň weterinar lukmany

