Makalalar

BEDEWLERIŇ SAGLYGYNY GORAMAGYŇ YGTYBARLY USULLARY

BEDEWLERIŇ SAGLYGYNY GORAMAGYŇ YGTYBARLY USULLARY

Mugthor gurçuklar täk toýnakly haýwanlaryň, ýagny atlaryň, eşekleriň we gatyrlaryň arasynda giňden ýaýran zyýankeşlerdir. Parazitar keselleriň ýüze çykmagyna we ýaýramagyna athanalarda, teblehanalarda we atlaryň gezim meýdançalarynda arassaçylyk we gigiýenanyň düzgünleriniň bozulmagy sebäp bolýar. Süýt emýän taýlar, köplenç, hapa diwarlary ýa-da guran tezekleri ýalap zäherlenýärler. Mugthor gurçuklaryň ýaýramagyny strongillýata mugthor gurçuklaryň mysalynda görüp bolýar. Strongillýata    mugthor gurçuklar - geonematodalar. 

Strongillýata   gurçuklaryň ýaýramagy toprak bilen baglydyr, ýagny bu mugthor gurçuklarda aralyk hojaýyn bolmanlygy üçin, olar daşky gurşawa ýumurtga taşlap köpelýärler. Amatly şertlerde topraga düşen mugthorlaryň ýumurtgalary 15- 30 günüň dowamynda inwazion (kesel ýaýradyjy) ýumurtgalara öwrülýärler. Şeýlelikde, birnäçe günüň dowamynda mugthor gurçuklaryň ýumurtgalarynyň içinde kesel ýaýradyjy liçinkalar emele gelýär. Mugthorlaryň inwazion    ýumurtgalar ynyň atlaryň iýmit siňdiriş ulgamlaryna ot-çöpüň, iýmiň, suwuň üsti bilen düşmek ähtimallygy ýokarydyr. Atlaryň iýmit siňdiriş ulgamlaryna düşen ýumurtgalardan mugthor gurçuklaryň liçinkalary emele gelýär. Mugthor  gurçuklaryň döredýän keselleri bilen kesellän atlaryň alamatlary, adatça, 3-4 günüň dowamynda ýüze çykýar. Atlaryň enterit keseliniň döremegini, içgeçme, demgysma, atlaryň dem alşynyň agyrlaşmagyny we olaryň işdäleriniň kesilmegini bu ýokanç keseliň esasy alamatlary hökmünde   görkezmek   bolar. Mugthor gurçuklary bilen atlaryň zäherlenmegi ganyň düzümindäki gemoglobiniň, eritrositleriň, eozinofilleriň   we   beýleki   ak öýjükleriň   mukdarynyň   peselmegine sebäp bolýar. Bu bolsa olaryň horlanmagyna we umumy ýagdaýlarynyň peselmegine getirýär. 

Mugthor  gurçuklaryň döredýän keselleriniň anyklanylyşy:
Mugthor  gurçuklaryň görnüşlerini, ýaýramagyny (epizootiki ýagdaýlaryny) we aýratynlyklaryny öwrenmek üçin weterinariýa barlaghananyň parazitologik we serologik bölümlerinde anyklaýyş barlag işleri ýerine ýetirilýär. Bu işler dürli usullarda (Skrýabin, Berman- -Orlow we beýleki usullar) geçirilýär we atlardan alnan gan we tezek nusgalaryndaky mugthor gurçuklaryň   ýumurtgalarynyň mukdaryny kesgitlemäge we olaryň görnüşlerini anyklamaga gönükdirilýär.

Mugthor  gurçuklaryň atlaryň içki beden agzalaryna ýetirýän patologik zyýany:
Mugthor gurçuklar içki beden agzalaryň nemli bardalaryna, gan damarlaryna we beýleki boşluklara ornaşyp, dem alyş ulgamlaryna, bagryň, ýüregiň we iýmit siňdiriş dokumalaryna zyýan ýetirýärler. Dem alyş ulgamlara düşen liçinkalar ýerleşen ýerlerini gyjyndyryp, atlarda üsgülewük alamatlaryny ýüze çykarýarlar. Atlaryň üsgürmegi zerarly dem alyş ulgamlaryndan gakylyk gopýar we şol gakylyk bilen birlikde mugthorlaryň liçinkalary agyz boşlugyna dolanyp gelýär. Bu liçinkalar aşgazana we inçe içegä düşüp, 44 – 77 günüň dowamynda jyns taýdan ýetişýärler. Atlarda mugthor gurçuklarynyň biologik aýratynlyklary, ýaýramagy we köpelişi olaryň görnüşlerine hem bagly bolýandyr. Mysal üçin, oksiura mugthor gurçuklaryň ösüşi we köpelişi atlaryň ýogyn içegesiniň boşlugynda bolup geçýär. Bu gurçuklar iki jynsly erkek we urkaçy mugthorlar. Ýumurtgalaryny taşlamak üçin jyns taýdan ýetişen urkaçy oksiura gurçuklar ýogyn içegeden artbujaga çenli ýetip, onuň içki nemli bardasynda ornaşýarlar. Bu ýerde olar daşyna öň tarapyny çykaryp, ýumurtga taşlaýarlar, şol sebäpden taşlanan ýumurtgalar artbujagyň daş-töweregindäki nemli bardasynda ýerleşýärler. Olar birnäçe günden atlaryň aşagyndaky düşeginiň üstüne ýa-da topraga gurap gaçýarlar. Köplenç halatda, artbujagyň nemli bardasyna ýelmeşen ýumurtgalar atlaryň guýrugynyň aşagynda gijilewük döredýärler. Bu ýagdaýda biynjalyk bolan atlar diwarlara süýkenip, mugthor ýumurtgalaryň ýaýramagyna sebäp bolýarlar. Şeýlelikde, athanada ýaýran ýumurtgalar ýatan tezekleriň, içilýän suwuň we ot-iýmiň üsti bilen atlaryň iýmit siňdiriş ýollaryna düşüp, ösüş döwrüni dowam edýärler. 

Mugthor gurçuklaryň ýumurtgalary, köplenç, athanalaryň diwarlarynda, hapa saklanylýan gaplarda, sübselerde we ot-iým berilýän nowalarda ýerleşýärler. Olar daşky gurşawyň täsirlerine örän durnukly bolup, gyşyň    dowamynda    hatda garyň aşagynda-da ýaşamaga ukyplaryny ýitirmeýärler. Öri meýdanlarda howa salkynlaşan ýagdaýynda ýumurtgalar bir ýyldan gowrak inwazion ýagdaýda ýatyp bilýärler. Emma howanyň gyzgynlygy ýokarlananda, olar kesel ýaýradyjy ukybyny ýitirip, ortaça 16 – 55 günüň dowamynda gurap dargaýarlar. Nematoda gurçuklaryň ýumurtgadaky liçinkalaryň ösüşi daşky gurşawyň gyzgynlygyna we çyglylygyna baglydyr. mysal üçin, howanyň gyzgynlygy 15˚С-ä ýetende olar 37 günde ösüp ýetişýärler, 25˚С-de 8 günüň dowamynda we 35˚С-de 4 günüň dowamynda ýetişýärler. Emele gelen liçinkaly ýumurtgalar «inwazion ýumurtgalar» diýlip atlandyrylýar.

Atlarda mugthor gurçuklar bilen bagly keseller pasyl bilen baglylykda we belli bir kanunalaýyklykda geçýär, emma dürli görnüşli mugthor gurçuklaryň ýaýramagy deň bolmaýar. Mysal üçin, taýlarda duş gelýän paraskaridoz keseliň ýaýramagy Türkmenistanyň şertlerinde güýz aýlary ýokarlanyp, tä indiki ýylyň ýaz aýlaryna çenli dowam edýär.

Mugthor  gurçuklaryň döredýän kesellerine garşy öňüni alyş çäreler:
Mugthor gurçuklara    garşy    berilýän dermanlaryň   farmasewtiki häsiýetlerine, möçberine we hiline weterinar lukmanlary tarapyndan aýratyn üns berilmeli. Athanalaryň içinde arassaçylyk işleriniň wagtly-wagtynda geçirilmegi, teblehanalardan we athanalardan çykarylýan tezekleriň ýörite beton diwarly çukurlarda ýygnanylmagy we ýakylmagy talap edilmeli. At bakylýan öri meýdanlarda, esasan, ýaz we tomus pasyllarynda mugthor gurçuklaryň ýumurtgalary bilen zäherlenen tezekleri toprak bilen garyşdyrmak üçin hökman sürüm işleri geçirilmeli. Türkmenistanyň atçylyk toplumlarynyň we hususy athanalarynyň epizootiki ýagdaýlarynyň öwrenilmegine we onuň esasynda mugthor gurçuklara garşy geçirilýän öňüni alyş çäreleriň hiliniň ýokarlandyrylmagyna ünsli garalmagy we ýerine ýetirilmegi Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgärleri we hünärmenleri tarapyndan maslahat berilýär.



Rahman ABAÝEW, 
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň 
alym kätibi 

Soňky goşulanlar