Makalalar

ATYŇ GÖRÜŞ AÝRATYNLYGY

ATYŇ GÖRÜŞ AÝRATYNLYGY

Ahalteke bedewleri, takmynan, 5000 ýyl mundan ozal häzirki Türkmenistanyň çäginde ösdürilip ýetişdirilen atlaryň nesil dowamatydyr. Türkmen halky dünýä meşhur at tohumyny döretmekde baý seýisçilik tejribesini toplady. Atlar bilen seýisçilik işleri alnyp barlanda bolsa olaryň biologiýasynyň aýratynlyklary hökman göz öňünde tutulmalydyr. Olaryň şeýle aýratynlyklarynyň biri-de görüş ukybynyň has ýokary bolmagydyr. 

Atlar töweregindäki zatlary 360ºC-ä çenli gytaklaýyn görmäge ukyplydyr, adamda bolsa şeýle ukyp 200ºC-ä barabardyr. Atlar öňündäki zatlary 4 metre çenli göni seredip, iki gözi bilen, ondan golaýdakylary bolsa degişli tarapa bakyp, şol tarapdaky gözi bilen görýärler.

Atlaryň dürli reňkleri saýgaryş ukybyny öwrenmek üçin alymlar dürli barlag usullaryny ulanypdyrlar. Bu ugurda alnyp barlan ylmy-derňew işleriniň netijesinde atlaryň dürli reňkli şekilleri, ak we gara reňkleriň aratapawudyny hem-de gyrmyzy we gök reňkleri çal reňkden aňsat tapawutlandyrmagy başarýandygy anyklanyldy. Atlar üçin ýaşyl we sary reňkleri tapawutlandyrmak has çylşyrymly bolýar, sebäbi alymlaryň pikirine görä, haýwanlaryň reňki tapawutlandyrmak duýgusy edil maýyplaryňky bilen meňzeş diýip hasap edilýär. Netijede, atlaryň beýleki reňkleri tapawutlandyrmagy başarýandygy ylmy taýdan takyk subut edildi. 

Atlaryň gijesine görmek ukybynyň ýokary bolmagy alymlaryň we atşynaslaryň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Ylmyň häzirki zaman ýeten derejesinde atyň gözüniň içki gatlagynda garaňkylykda görmek üçin jogapkär konus şekilli öýjükleriň mukdarynyň has köpdügini görkezýär. Mundan başga-da atyň gözleri şöhlelendiriji bölejiklerden ybarat bolup, ýörite «aýna» şekilli gatlagy bilen tapawutlanýar. Belli bolşy ýaly, bu damar gatlagy onuň içki gatlagyndan geçýän ýagtylygy görkezýär we gijelerine gözüň görşüniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Umuman, atlar adamlardan has gowy görýär diýip aýdyp bolar. Ony bu jandarlaryň gijesine ýerine ýetirýän ynamly hereketleri subut edýär. Atlar garaňkylykda päsgelçilikleri kynçylyksyz ýeňip geçmäge ukyplydyr.

Atlar päsgelçiliklerden we nätanyş ýerlerden ýeňillik bilen geçmegi başarýarlar, geçmesi kyn bolan päsgelçilikleriň öňüne baryp saklanýarlar we gowy ösen göz ölçegi sebäpli, özüniň hereketleriniň hemmesini dogry ýerine ýetirýärler. Muny meşhur alym, professor Timni özüniň atlarda geçirilen synag işleriniň netijesinde wizual illuziýa suratlaryň kömegi bilen anyklady. Geçirilen ylmy synagyň ikinji tapgyrynda alym giňişlikdäki şekilleri tapawutlandyryp biljekdigini ýüze çykardy we atlaryň göz ölçeýjisiniň takyk bolýandygyny ylmy esasda subut etdi. 

At çapyşyklaryna we atly sportuň çärelerine tomaşaçy hökmünde gatnaşylanda atlaryň gözlerinde kiçiräk göz örtükleriniň dakylandygyna şaýat bolýarys. Bu ýagdaý şonuň ýaly bäsleşiklere ilkinji gezek gatnaşýan tomaşaçylaryň geň galmak duýgusyny döredýär. Daşky seslere we hereketlere ünsüni sowmazlyk olaryň gözlerine ýörite örtükleriniň dakylmagynyň esasy sebäpleri bolup durýar. Atlar özüniň tebigaty boýunça ürkek bolýandygy sebäpli, olar ýaryşlaryň dowamynda garaşylmadyk nädogry hereketleri edip bilýärler. At eýeleri we seýisler şol maksatlar bilen hem atyň kellesine ýörite kelle geýimini geýdirýärlar we atyň iki gapdalyny görmegine päsgel berýän göz örtügini ulanýarlar. 

Şeýlelikde, atyň gözüniň özboluşly gurluşa eýe bolandygy sebäpli, olar garaňkyda görüp, belli bir reňkleri saýgaryp we nätanyş ýerlerde ynamly hereket edip bilýärler. Atlar özlerini gurşap alan zatlary üç ölçegli şekil görnüşinde kabul etmäge, olaryň arasyndan tanyş we özüne gerekli zatlary tapawutlandyrmaga ukyply bolýarlar.

Rahman Аbaýew  


Çeşme:  «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XIV halkara ylmy maslahatyň nutuklarynyň gysgaça beýany 2022-nji ýylyň 
22-nji apreli

Soňky goşulanlar