Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ahalteke atlarynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, olaryň eksterýer aýratynlyklaryny kämilleşdirmek we seleksiýa-tohumçylyk işleriniň hilini döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Häzirki wagtda Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde atlaryň iýmitlendiriş binýadynyň düzümini baýlaşdyrmak we iýmiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli ylmy-barlaglar amala aşyrylýar. Bu ugurda alnyp barylýan ylmy işleriň çäklerinde, Türkmenistanyň dag jülgelerinde, Garagum sährasynda hem-de suw çeşmeleriniň boýlarynda bitýän endemik we kosmopolit dermanlyk ösümlikleriň fitoterapiýa mümkinçilikleri ylmy esasda seljerilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitaby, ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleriniň atlaryň immun ulgamyny berkitmekde we umumy fiziologik ýagdaýyna ýetirýän oňyn täsirlerini öwrenmekde uly ýardam berýär. Bu bolsa, atçylykda tebigy dermanlyk serişdelerini ulanmak arkaly bedewleriň saglygyny goramagyň ylmy binýadyny düzýär.
Dünýä tejribesinde geçirilen ylmy barlaglar iýmit düzüminiň itburun we andyz derman ösümlikleriniň ekstrakty ýa-da owradylan görnüşi bilen baýlaşdyrylmagynyň bedewleriň ganyndaky gemoglobiniň derejesine hem-de umumy fiziologik ýagdaýyna oňyn täsir edýändigini görkezdi. Şunuň bilen birlikde, bu goşundylar organizmiň dürli ýokanç (infeksion) we ekologik stres faktorlaryna garşy spesifik däl durnuklylygyny berkidýändigini görkezdi. Netijede, bu dermanlyk ösümlikleri atçylykda iým goşundysy hökmünde peýdalanmak bedewleriň saglygyny saklamagyň we olaryň işjeňligini artdyrmagyň ekologik taýdan arassa hem-de netijeli usuly bolup durýar. Mundan başga-da, dünýä tejribesinde atlaryň saglygyny berkitmekde we dürli keselleriň öňüni almakda garaçaýyr (Cynodon dactylon) oty aýratyn orun tutýar we soňky ýyllarda ylmy esasda giňişleýin öwrenilýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen seýisleri garaçaýry bedewlere berip, olaryň diňe bir semremegini däl, eýsem ganynyň arassalanmagyny, myşsalarynyň gurplanmagyny we çydamlylygynyň artmagyny gazanypdyrlar. Türkmen seýisçilik sungatynda garaçaýyr «atyň polady» hasaplanyp, ol bedewiň bedenindäki artykmaç ýaglary eretmek we ony ýaryşa taýýarlamak işlerinde iň esasy iým çeşmeleriniň biri bolup hyzmat edipdir. Tejribeli seýisleriň bellemegine görä, garaçaýyr bilen iýmitlendirilen bedewleriň gakylygy arassa bolýar, dem alşy kadalaşýar we olaryň durnuklylygy ýokarlanýar.
W. Mangathaýaru (2009) we beýleki alymlar tarapyndan geçirilen barlaglar garaçaýryň immunomodulýator täsiriniň bardygyny, düzümindäki antioksidantlaryň bolsa erkin radikallary neýtrallaşdyryp, atyň umumy sagdynlygyny üpjün edýändigini görkezdi. K.M.Nadkarni (2002) tarapyndan geçirilen barlaglar bolsa çaýryň dermanlyk häsiýetlerini we onuň ganyň düzümine oňyn täsirini ylmy taýdan tassyklady. Şeýlelikde, dermanlyk ösümlikleriň bu görnüşlerini atçylykda iým goşundysy hökmünde ulanmak bedewleriň saglygyny saklamagyň we olaryň işjeňligini artdyrmagyň netijeli hem-de ekologik taýdan arassa usuly bolup hyzmat edýär.
Şeýlelikde, atçylyk pudagynda derman ösümliklerini bedewleriň rasionyna giňişleýin girizmek, diňe bir olaryň iýmitleniş hilini ýokarlandyrman, eýsem seýisçilik sungatyny ylmy esasda kämilleşdirmäge täze şertleri döredýär. Itburun (Rosa canina), andyz (Bryonia dioica) we garaçaýyr oty (Cynodon dactylon) ýaly ösümlikleriň düzümindäki tebigy birleşmeleriň, ýagny lipidleriň, beloklaryň, antioksidantlaryň utgaşykly täsiri bedewleriň ganyň gemoglobiniň mukdaryny durnukly saklamaga ýardam edýär. Geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijeleri bu ösümlik goşundylarynyň bedewleriň işdäsini we fiziologik işjeňligini ýokarlandyrýandygyny tassyklady, bu bolsa olaryň sport ýaryşlaryna taýýarlyk döwründe, dikeliş tapgyrlarynda netijeli ulanylmagyna mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde, bu usulyň ekologik taýdan arassalygy we tebigylygy Türkmenistanyň atçylyk pudagynda halkara standartlaryna laýyk gelýän iýmitleniş ulgamyny döretmekde möhüm ähmiýete eýedir. Geljekde dermanlyk ösümlikleriň beýleki görnüşlerini hem ylmy esasda öwrenmek, olaryň atçylykda ulanylyşyny giňeltmek, bedewleriň saglygyny goramakda we olaryň işjeňligini artdyrmakda täze ylmy açyşlara ýol açar.
Gülşat MEREDOWA
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň
esasy ylmy işgäri.
