Makalalar

PES TOLKUNLY LAZER ŞÖHLESINIŇ ATLARYŇ BEDENINE ÝETIRÝÄN TÄSIRLERI

PES TOLKUNLY LAZER ŞÖHLESINIŇ ATLARYŇ BEDENINE ÝETIRÝÄN TÄSIRLERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça Diýarymyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Atçylyk pudagynyň öňünde bolsa Türkmenistanda ahalteke, ýomut atçylygynda önümçiligi döwrebap derejede guramagy, ahalteke we ýomut atlarynyň asyl bedew keşbini yzygiderli kämilleşdirmegi, atlary hojalyk işlerde, medeni çärelerde, milli at üstündäki oýunlarda, atly sirkde we atçylyk sportuň nusgawy görnüşlerinde köpçülikleýin ulanmagy, önümçilige ornaşdyrmagy çuňňur öwrenmek ýaly wezipeler durýar.

Ýurdumyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke bedewlerimiziň tohum aýratynlyklary bilen bir hatarda olaryň saklanylyşyny, iýmitlendirilişini we olaryň saglygyny goramagyň, berkitmegiň ýollaryny, keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň tärlerini öwrenmek örän möhüm bolup durýar we pudakda muňa uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda atçylyk pudagy ösdürilýär. Soňky döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlary guruldy. Şonuň bilen birlikde, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we atçylygy ylmy esasda ösdürmek boýunça döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ylmy-barlag edaralary döredilýär hem-de atçylyk pudagynda häzirki zaman usulyýetleriň esasynda öwrenilen innowasiýalaryny girizmek, kämilleşdirmek bilen baglanyşykly işler amala aşyrylýar. Bu işleri amala aşyrmak maksatlary bilen «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy-kliniki bölümi keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak, şeýle-de fizioterapiýa bejergilerini geçirmek üçin ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyryldy.

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy-kliniki bölüminde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «Atlaryň kesellerini anyklamak we bejermek» kafedrasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda pes tolkunly lazeroterapiýanyň ahalteke bedewleriniň fiziologiki görkezijilerine, işjeňligine we immunologik reaktiwligine ýetirýän täsirlerini öwrenmek maksady bilen toplumlaýyn ylmy-barlag işleri amala aşyryldy. Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen bu ylmy barlaglaryň dowamynda pes tolkunly «Mphi VET MLS®ASA» lazer enjamynyň bedewleriň dokuma we ulgam derejesindäki regenerasiýa hadysalaryna, hususan-da aýak bogunlarynyň, ýumşak dokumalaryň we süňk gurluşlarynyň morfofunksional ýagdaýyna ýetirýän biofiziki täsirleri ylmy esasda seljerildi. Geçirilen tejribeleriň netijesinde bu inwaziw däl usulyň atçylykda köp duş gelýän patologiýalary, şol sanda artroz, artrit, osteoperiostit, epifizit ýaly süňk-bogun kesellerini, tendinit, bursit, sinowit, myşsa kontrakturasy ýaly ýumşak dokumalaryň şikeslerini, şeýle hem dowamly we ýiti laminit, geriş agyrylary, dürli etiologiýaly alawlamalar, trawmatiki zeperlenmeler ýaly bejerilmesi kyn bolan ýagdaýlary düýpli dikeltmekde ýokary terapewtiki netijelilige eýe bolandygyny görkezdi. Bu ylmy işleriň netijeleri weterinariýa praktikasynda lazer şöhlesiniň antiekssudatiw, analgeziw we stimulýator hökmünde ulanyp, bedewleriň saglygyny dikeltmegine uly ýardam berjekdigi subut edildi. Şeýlelikde, atçylykda lazer bilen bejermek häzirki zaman weterinariýasynda ylmy taýdan esaslandyrylan, aýratyn-da tendеnit, ligamentit, toýnak we ýara kesellerinde ýokary netijeli fizioterapiýa usuly hökmünde giňden ulanylýar. Şol bir wagtda, standart protokollary döretmek üçin goşmaça gözegçilikli kliniki barlaglar zerur bolup durýar.


Geldimuhammet BÄŞIMOW
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň 
Ylmy-kliniki bölüminiň keselleri 
bejeriş bölümçesiniň laboranty
                                            

Soňky goşulanlar