Ahalteke atlary diňe bir türkmen halkynyň milli buýsanjy bolman, eýsem bütin dünýäniň bedew söýüjileriniň hem haýrangalyşyny gazanan täsin sungat eseridir. Ýewropanyň ýüregi bolan Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşikleriniň dünýä çempionaty bu ajaýyp tohumyň dünýä derejesindäki mertebesini ýene bir gezek belende galdyrdy.
Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşikleriniň dünýä çempionatyna dünýäniň dürli künjeklerinden Türkmenistandan, Ýewropa ýurtlaryndan we Beýik Britaniýadan getirilen iň saýlama ahalteke bedewleri gatnaşdy. Halkara eminler topary bedewleriň diňe bir daşky gözelligine däl, eýsem olaryň aşakdaky aýratynlyklaryna hem ýokary baha berdiler:
Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşikleriniň dünýä çempionatynyň ýeňijisi, “Absolýut çempion” diýen ada we «Dünýä çempiony» baýragyna Fransiýadan A.Martinesiň Ýyndam diýen gara reňkli aty mynasyp boldy. «Ýaş atlaryň çempiony» atly bäsleşikde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Meledag diýen bedewi ýeňiji boldy. “Ýewropanyň iň gowy bedewi” bäsleşiginde bu ada Fransiýa Respublikasyndan hususy atşynas A.Beýliniň Agana Şael diýen aty mynasyp boldy. “Iň owadan bezelen at” atly bäsleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan mele reňkli Toýly atly bedew ýeňiji boldy
Soňra ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik bäsleşikleriniň ýeňijileri yglan edildi. 1 we 2 ýaşar ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Jerengözli diýen bedew ýeňiji diýlip yglan edildi we bäsleşigiň kubogyna eýe boldy. 3 ýaşar atlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Güneş diýen at ýeňiji bolmagy başardy we bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy. 3 we 4 ýaşar bedewleriň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi adyna fransiýaly S.Plaýiniň hojalygyna degişli Ming-de-Ahal atly at mynasyp boldy we bäsleşigiň kubogyna eýe boldy. 5 we uly ýaşar ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde Ukrainadan B.Mamelekowyň hojalygyna degişli Ýagşyja — Owadan atly bedew ýeňiji boldy.
Türkmenistandan we Ýewropadaky atçylyk toplumlaryndan gatnaşan ahalteke bedewleri özleriniň üýtgeşik gözelligi we asyllylygy bilen eminleriň ýokary bahasyna eýe boldular. Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşikleriniň dünýä çempionaty diňe bir bäsleşik bolman, eýsem dünýä atşynaslarynyň tejribe alyşýan, ahalteke tohumyny saklamak we ösdürmek barada pikir alyşýan iri meýdançasyna öwrüldi.
1. Ahalteke atlarynyň dünýä atçylyk sungatyndaky eýeleýän orunyny has-da berkitdi.
2. Türkmenistanyň şanly atşynaslyk medeniýetini Ýewropada giňden dabaralandyrdy.
3. Halkara atşynaslyk hyzmatdaşlygyna we ahalteke tohumyny arassa saklamaga uly goşant goşdy.
Jümle-jahana gazyk uran Ahalteke bedewleri özleriniň syratlylygy, çeýeligi we altyn öwüşginli görki bilen Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşikleriniň dünýä çempionatynda hemmeleriň göwnüni awlap, dünýä atşynaslygynda öçmejek yz galdyrdy.
Hojageldiýew Begmyrat
Atçylyk ylmy-önümçilik
merkeziniň bölüm müdiri

