Makalalar

«GARAŞSYZLYK – BARLYGYMYZ, BAGTYMYZ» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJISI

«GARAŞSYZLYK – BARLYGYMYZ, BAGTYMYZ» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJISI

2026-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäher birleşmesiniň we «Arkadag» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Garaşsyzlyk – barlygymyz, bagtymyz» atly döredijilik bäsleşiginiň jemlenmegi we ýeňijileriniň sylaglanmagy ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlandy. Onuň netijesinde gazet-žurnallarda we köpçülikleýin habar serişdelerinde ýurdumyzyň belent sepgitlerini, Garaşsyzlygyň beren bagtyýarlygyny, Arkadag şäheriniň binagärlik gözelligini wasp edýän iň gowy makalalar, goşgular hem-de döredijilik işleri saýlanyp seçildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäher birleşmesi tarapyndan dabaraly ýagdaýda Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Garaşsyzlyk – barlygymyz, bagtymyz» atly döredijilik bäsleşiginiň netijesinde Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň esasy ylmy işgäri Gülşat Meredowa I orna mynasyp boldy we Hormat haty hеm-de ýadygärlik sowgady bilen sylaglandy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda döwlet deresinde geçirilen çärelere işjeň gatnaşanlara sowgatlar gowşuryldy we bu dabaraly çärede Gülşat Meredowa ýörite sowgat bilen sylaglandy.       


Abaýew Rahman 
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň 
Alym kätibi

Soňky goşulanlar