Makalalar

DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ WE ATÇYLYK DIPLOMATIÝASYNYŇ BELENTLIGI

DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ WE ATÇYLYK DIPLOMATIÝASYNYŇ BELENTLIGI

"Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň her bir güni milli medeniýetimiziň, şanly taryhymyz bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan atçylyk sungatynyň dünýä ýüzündäki dabaralanmasyna beslenýär. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmeniň "asmana barabar" ahalteke bedewleri diňe bir milli buýsanjymyz bolman, eýsem halkara dostluk köprülerini bekidýän, medeni gatnaşyklary täze belentliklere göterýän parahatçylyk ilçilerine öwrüldi. Milli Liderimiziň Birleşen Patyşalygyň şanly taryhy hem-de medeni mekany bolan Windzor galasyna amala aşyran we ýokary derejeli duşuşyklara baý bolan sapary muňa aýdyň şaýatdyr. Dünýäniň iň abraýly we gadymy atçylyk dabaralarynyň biri hasaplanýan "Royal Windsor Horse Show 2026" çärelerinde türkmen wekiliýetiniň we Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleriniň ýokary derejede gatnaşmagy, ahalteke atlarynyň genetiki arassalygyny, pederlerimizden miras galan seýisçilik mekdebini we kämil milli şaý-seplerimizi bütin dünýä jemgyýetçiligine ýene bir gezek subut etdi. Temza derýasynyň joşgunly kenarynda türkmen toýunyň şowhunyny, Meleguşyň şanly taryhyny we halkymyzyň kalbynyň mähirli salamyny dabaralandyran bu taryhy waka, Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ylmy-atçylyk we medeni hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açdy.

Temza derýasynyň kenarynda, Beýik Britaniýanyň iň görnükli syýahatçylyk künjekleriniň biri bolan taryhy Windzor galasynda 14-17-nji maý aralygynda atly sportuň hakyky baýramçylygy geçdi. Müň ýyla golaý taryhy bolan bu ajaýyp binagärlik toplumynyň çäginde geçirilen “Royal Windsor Horse Show 2026” dabaralary atlar bilen adamlaryň arasyndaky syrly bütewiligi bütin dünýä ýene bir gezek ägirt uly ruhubelentlik bilen görkezdi. Paýtagt Londondan 40 kilometr çetde ýerleşýän bu meşhur gala eýýäm 80 ýyldan gowrak wagt bäri, ýagny 1943-nji ýyldan bäri her ýylyň maý ýa-da iýun aýlarynda atşynaslaryň we janköýerleriň 50 müňden gowragyny özüne bendi edip gelýär. Emma şu ýyl behişdi bedewleriň mekanyndan gelen hormatly myhmanlaryň gatnaşmagy bu dabaralaryň ýatda galyjylygyny hem-de täsirliligini has-da artdyrdy.

Beýik Britaniýanyň iň abraýly we köpasyrlyk däplere baý bolan atçylyk dabaralarynyň biri — “Royal Windsor Horse Show 2026” dünýäniň çar künjünden gelen tomaşaçylary özüne bendi etdi. Konkur, draýwing ýaryşlary, at çapyşyklary we beýleki bäsleşikleri özünde jemleýän bu waka, hakyky baýramçylyga öwrüldi. Ýörite dabaraly lybaslar bilen meýdança çykan ussat çapyksuwarlaryň çykyşlary gadymy Windzor galasynyň keşbine aýratyn bir gözellik we gelşik çaýdy. Ine, ussatlygyň we asyllylygyň dabaralanan şol ýerinde Türkmenistanyň Ýaşyl baýdagy buýsançly parlap, dünýä taryhynda meşhurlyk gazanan Meleguşyň nesilleriniň belent owazyny we türkmen halkynyň mähirli salamyny dabaralandyrdy. 

Maý aýynda Gahryman Arkadagymyz Patyşa maşgalasynyň ýörite çakylygy boýunça Birleşen Patyşalyga sapar amala aşyryp, Windzor galasyndaky bu şanly çärelere gatnaşdy. Milli Liderimizi bu ýerde Windsor Patyşalykdaky atçylyk dabaralarynyň guramaçylyk toparynyň ýolbaşçysy Edward Benýon we guramaçylyk işleri boýunça wekil Sara Rutenford-Jons uly hormat bilen garşyladylar. Saparyň çäginde Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Onuň Alyjenaby, Patyşa Karl III, Edinburgyň Gersogy Şazada Edward hem-de onuň maşgalasy hanym Sofi Helen bilen geçiren taryhy duşuşyklary we ýokary derejeli gepleşikleri iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda düýbünden täze bir sahypany açdy.

Karl III türkmeniň ahalteke bedewleriniň dünýäde meşhur atlar hasaplanýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň “At-myrat” diýen paýhasly sözlerinde çuňňur manynyň bardygyny belledi. Şeýle hem ol geljekde ahalteke atlarynyň üsti bilen iki ýurduň arasyndaky atçylyk hyzmatdaşlygyny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Karl III indiki ýyl Beýik Britaniýada geçiriljek halkara atçylyk sport çärelerine ahalteke bedewleriniň hem gatnaşdyrylmagyna garaşylýandygyny aýtdy. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk bilen bagly çäreleriň ýokary derejede guralandygyny belläp, munuň üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Atly sport çärelerine Türkmenistan bilen bilelikde, 20 ýurtdan dürli atşynaslar atlary bilen gatnaşdylar. Milli Liderimiz bu çäräniň gözbaşyny 1943-nji ýyldan alyp gaýdýandygyny, ony geçirmek başlangyjyny Şazadanyň ejesi, merhum Şa zenany Ýelizaweta II-niň öňe sürendigini we tassyklandygyny ýatlady. Gahryman Arkadagymyz 1944-nji ýylda at çapyşyklaryna Ýelizaweta II-niň hem gatnaşyp, birinji orny eýeländigini we onuň ýanýoldaşy, Edinburgyň Gersogy Filippiň bolsa atly sportuň beýleki görnüşinde ikinji orny eýeläp, adyny taryha ýazdyrandygyny aýtdy. Şeýle-de Milli Liderimiz 1956-njy ýylda ýurdumyzyň ussat atşynasy Babaly Taýmazowyň alyp gitmeginde Meleguş atly altynsow bedewiň Şa zenany Ýelizaweta II-ä sowgat berlendigine ünsi çekdi.

Gepleşikleriň dowamynda Şazada Edward Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen gürrüňdeş boldy. Wise-prezident behişdi bedewler arkaly, ippoterapiýanyň kömegi bilen ylmy esasda mümkinçiligi çäkli çagalarda bejeriş işleriniň geçirilýändigini aýtdy. Bedewleriň ynsan saglygyna oňyn täsiri halkymyzyň köp ýyllyk tejribesiniň aýdyň beýanydyr. Şazada Edward şeýle tejribä uly gyzyklanma bildirdi we geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen bilelikde, bu ýerde ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergi guraldy. Bu sergide halkymyzyň köp asyrlyk taryhy bolan atçylyk sungatyny, seýisçilik mekdebini wasp edýän gymmatlyklar we milli at esbaplary görkezildi. Türkmen pawilýonynda ussat zergärlerimiziň sünnäläp ýasan at şaý-sepleriniň, uýanlardyr eýeleriň, milli keşdeçilik sungatynyň iň gözel nusgalaryny özünde jemleýän at torbalarynyň ýerleşdirilmegi milli gymmatlyklarymyzy ýene bir gezek dünýä aýan etdi. Ol ýerde dürli halklaryň söýgüsine mynasyp bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeten belent sepgitleri we gazanan üstünlikleri hem giňden şöhlelendirildi. Serginiň çäklerinde ylmy duşuşyklar hem geçirildi. Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleriniň daşary ýurtlaryň abraýly atçylyk guramalarynyň, şol sanda Beýik Britaniýanyň atçylyk jemgyýetleriniň ylmy işgärleri we tejribeli seýisleri bilen netijeli duşuşyklary, pikir alyşmalary guraldy. Duşuşyklaryň dowamynda türkmen wekiliýeti tarapyndan ahalteke atlarynyň özboluşly tebigy endiklerini, olaryň durnuklylygyny, beýleki at tohumlaryndan düýpli tapawutlanýan ylmy hem-de genetiki aýratynlyklaryny beýan edýän gymmatly maglumatlar halkara hünärmenleriň dykgatyna ýetirildi. Bu bolsa behişdi bedewleriň dünýä atçylygyndaky ornuny has-da berkitmäge ýardam etdi.

Şeýlelikde, Beýik Britaniýanyň taryhy künjeginde guralan “Royal Windsor Horse Show 2026” halkara dabaralary diňe bir sport bäsleşigi bolman, eýsem gözelligiň we kämilligiň nusgasy bolan ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratynyň, asylly seýisçilik medeniýetimiziň hem-de dünýä taryhynda uly yz galdyran milli gymmatlyklarymyzyň halkara giňişlikdäki nobatdaky beýik ýeňşi boldy. Türkmen pawilýonynda görkezilen seýrek senediň nusgalary, zergärçilik we keşdeçilik sungatynyň şedewrleri, şeýle-de ylmy duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm genetiki maglumatlar behişdi bedewlerimiziň bütindünýä atçylygyndaky öňdebaryjy ornuny has-da berkitdi.
Munuň bilen birlikde, saparyň çäklerinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýanyň Patyşa maşgalasy bilen geçiren ýokary derejeli taryhy duşuşyklary we özara bähbitli gepleşikleri iki ýurduň arasyndaky syýasy-medeni dostlugy hem-de atçylyk pudagy boýunça köp ugurly gatnaşyklary düýbünden täze, has belent basgançaga göterdi. Bu şanly waka, asylly pederlerimiziň dünýä mirasyna goşant goşup, atçylyk senediniň geljek nesiller we halkara hyzmatdaşlyk üçin egsilmez ylham çeşmesi bolup galjakdygyny ýene bir gezek aýdyň subut etdi.
 

Nursoltan Hallyýewa
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmeni

Soňky goşulanlar