Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde atçylyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende götermek bilen, olaryň saglygyny berkitmek boýunça işler amala aşyrylýar. Baýtallaryň süýdüni ylmy esasda barlamak, ilkinji nobatda, geljekki nesliň – taýçanaklaryň sagdyn ösmegini we olaryň fiziologik ýagdaýyny gözegçilikde saklamagy üpjün edýär. Süýt barlagynyň iň uly ähmiýeti oguz süýdüniň hilini anyklamakda ýüze çykýar, sebäbi taýçanaklar doglan ilkinji sagatlarynda diňe şol süýt arkaly pasiw immuniteti alyp, dürli ýokanç kesellere garşy durnuklylyk gazanýarlar. Barlaglar arkaly süýdüň himiki düzümini, ýagny belogyň, ýagyň we minerallaryň (kalsiý, fosfor) mukdaryny öwrenmek taýçanagyň süňk-myşsa ulgamynyň kadaly kemala gelmegine, rahit ýaly keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Mundan başga-da, süýt barlagy baýtallarda ýüze çykýan gizlin (subkliniki) mastit kesellerini we beýleki ýelin sowuklamalaryny irki döwürde anyklamaga mümkinçilik berýär. Süýtde somatik öýjükleriň sanynyň artmagy ene baýtallaryň organizminde sowuklama hadysasynyň bar ýerini görkezýär, bu bolsa öz gezeginde süýt arkaly taýçanaga geçip biljek aşgazan-içege keselleriniň öňüni almaga hyzmat edýär. Ylmy-seçgi işleri nukdaýnazaryndan bolsa, baýtallaryň süýtlülik ukybyny we laktasiýa dowamlylygyny öwrenmek, ahalteke atlarynyň maternal (ene baýtallaryň) ugurlaryň nesil berijilik aýratynlyklaryny seljermäge we iň oňat nesil berjek baýtallary saýlap almaga şert döredýär. Şeýlelikde, süýt barlaglary atçylykda diňe bir saglygy goraýyş däl, eýsem tohumçylyk we ykdysady peýdalylyk nukdaýnazaryndan hem düýpli ähmiýete eýedir.
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň weterinariýa barlaghana bölüminiň himiko-toksikologiýa bölümçesinde Halkara atçylyk akademiýasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirildi hem-de ylmy barlaglaryň netijeleri ahalteke baýtallarynyň süýdüniň ýokary energetiki gymmatlyga we iýmitlilik derejesine eýedigini görkezdi. Ýerine ýetirilen işleriň dowamynda ýokarda agzalan barlaghana şertlerinde «Lactoscan MCCW» innowasion enjamyň kömegi bilen tapgyrlaýyn ýerine ýetirildi. Ylmy işleriň dowamynda dürli tebigy-howa şertlerinde saklanylýan ene baýtallardan bolan taýçanaklaryň ösüşi deňeşdirildi we olarda beden ölçegleri amala aşyryldy. Tebigy öri meýdanlarynyň ösümlik örtüginiň biodürlüligi, hususan-da, düzümindäki tebigy immunomodulýatorlar, witaminler we makro-mikroelementler taýçanaklaryň metabolik işjeňligini ýokarlandyryp, organizmiň umumy rezistentligini berkidýändigi subut edildi. Şeýle hem, açyk meýdandaky dowamly Gün radiasiýasy organizmde D3 witamininiň endogen sintezlenmegine we fosfor-kalsiý çalşygynyň optimal derejede amala aşyrylmagyna şert döredip, süňk dokumasynyň minerallaşma derejesiniň we dykyzlygynyň ýokary bolmagyny üpjün edýär. Netijede, adaty toplumlaryň çäklendirilen giňişligi we birmeňzeş iýmitleniş tertibi bilen deňeşdirilende, öri meýdanlarynda erkin hereketde bolan taýlaryň beden ölçegleri, fiziki durnuklylygy we eksterýer aýratynlyklary has kämil görnüşde ýüze çykarýandygy ýüze çykaryldy. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň genotipinde jemlenen biologik uýgunlaşma häsiýetleriniň tebigy şertlerde has doly derejede amala aşyrylýandygynyň fiziologik subutnamasy bolup durýar.
Ahalteke baýtallarynyň süýdüniň hili we mukdar görkezijileri olaryň saklanylýan tebigy-howa şertleriniň ekologik aýratynlyklary bilen berk baglanyşykda bolandygy, daglyk we öri meýdanlarynyň ösümlikleri baýtallaryň iýmit rasionynda agdyklyk etmegi süýdüň düzümindäki witaminleriň, mikroelementleriň we biologik işjeň maddalaryň konsentrasiýasyny ýokarlandyrýandygy anyklanyldy. Şeýle hem, dag we baýyr relýefiň çylşyrymlylygy sebäpli baýtallaryň dowamly tebigy hereketde bolmagy olaryň lipid (ýag) çalşygyny kadalaşdyrýar. Tebigy suw çeşmeleriniň mineral düzümi bolsa süýt emele gelme prosesinde (laktasiýada) kalsiý, fosfor we magniý ýaly minerallaryň süýde geçişini güýçlendirýär. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, daglyk we dag etegi öri meýdanlarynyň özboluşly mikroklimatynyň ahalteke baýtallarynyň süýdüniň iýmitlik gymmatynyň ýokary bolmagyna göni täsir edýändigi anyklandy.
Geldi GURBANOW,
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň
Weterinariýa barlaghana bölüminiň
himiki-toksikologiýa bölümçesiniň
başlygy,
Zibagözel Kakabaýewa
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň
Weterinariýa barlaghana bölüminiň
Himiko-toksikologiýa bölümçesiniň
ylmy işgäri

