Dünýä atçylygy

Poniler we naşyja atjagazlar barada

Poniler we naşyja atjagazlar barada

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde atçylyk pudagyny ylmy taýdan ösdürmek hem-de hünärmenler bilen üpjünçiligi babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Atçylyk boýunça ýörite hünärmenleriň taýýarlygynyň ýola goýulmagy bilen, olara diňe bir medeni atçylygy däl-de, eýsem, atlaryň gelip çykyşyny we neberelerini öwretmegiň zerurlygy hem ýüze çykýar. 

Poniler. «Poni» diýlen söz iňlisleriň sözi bolup, ol häzirki zaman standarty boýunça 58 duýim ýa-da haýsy tohuma degişlidigine garamazdan, ýerden gerşine deňeç beýikligi 147 santimetre çenli bolan atlary aňladýar. Ruslaryň ippologik edebiýatynda bolsa, «poni» diýlip şetlent, uel, şotland, island we beýleki halklaryň aýaklary gysga, deňeçer bolmadyk, belentligi 80 – 140 santimetr hem-de gaýry alamatlary bolan atlaryna aýdylýar.

Häzirki döwre çenli müngi we ýük daşamak üçin ulanylýan poni tohumly atlaryň 20-ä golaý görnüşi ösdürilip ýetişdirildi. Olaryň esasy watany Atlantika adasy hasaplanýar. Özboluşly poni tohumly atlar ýaponlaryň Hokkaýdo adasynda-da bar. Uly kelleli, aýaklary tüýli bu atlar daşky dünýäden aýrybaşga şertlerde kemala gelipdir. Ýaşaýan ýerlerine başga materikden at getirilmänden soň, olar garyndaşlyk gatnaşyklarynda önüp-ösüp, örňäpdir. Bu atlaryň hojaýynlary olary ulananlarynda-da, köpeldenlerinde-de saýlap-seçmek meselesine üns bermändirler. Sowuk howa şertlerine we iýmit gytçylygyna çydamly, zat dannamaýan poni atlarynyň nesli tebigy seçgi esasynda şu döwre gelip ýetipdir. Şonuň üçin poni atlary adalarda «läliksiredilip» saklanandyr diýip aýtmaga hiç hilli esas ýok.

Beýikligi pes bolsa-da, olar örän güýçli we çydamly. Şonuň üçin ponileri dürli hojalyk işlerinde, ýük daşamakda giňden ulanýarlar. Häzirki döwürde poniler çagalaryň atly sportunyň dürli görnüşlerinde öz ornuny tapdy. Iň körpe sportsmenler poni atlary bilen geçirilýän ýaryşlarda ilkinji baýraklara mynasyp bolýarlar. Uly atlar ortaça 20 ýyl ýaşaýarlar. Poniler bolsa olardan 10 ýyl köp ýaşaýar. Olaryň arasynda uzak ýaşanlary-da, uzak ýaşamakda rekord goýanlary-da bar. Angliýada iki sany poni 47, Fransiýanyň fermasynda bolsa bir aýgyr poni 54 ýaşady. Naşyja atjagazlar. Wagtal-wagtal atlaryň tohumlaryny güýmenje üçin däl-de, belli bir maksat üçin idetmäniň hem ugruna çykylypdyr. Döwür üýtgeýär. Häzirki döwürde itiň ululygy möçberindäki kiçijik atlary edinmek ýoň boldy. Bu adatdan daşary kiçijik atlaryň watany Argentinadyr.

Häzir falabella atlarynyň ownukdygy, göýdükdigi hemmä mälim. Atlaryň şeýle kiçijik bolmagy olaryň geninde bolup geçen üýtgemeler sebäpli, täze alamatlaryň ýüze çykmagynyň, ösüş garmonlarynyň işleýiş kadasynyň bozulmagynyň netijesidir. Naşyja atlaryň göwresi adaty müngi atlarynyň göwresine meňzeş bolup, deňölçeglilikde kiçelýändigi bilen aýagy gysga, kellesi uly, boýny ýogyn poni atlaryndan tapawutlanýar. Poni atlary tebigy ýaradylyşy boýunça çydamly we daýaw. Falabellalar bolsa näzik, ynjyk. Üns berilmegini, aýratyn idegi talap edýär. Täsin ýeri falabellalaryň bogazlyk döwri beýleki at tohumlarynyňkydan 2 aý artykmaç. Olaryň bogazlyk döwri 13 aýa çekýär. Falabellalaryň taýy juda kiçi bolýar. Emma birinji ýyly çalt ösýär. Kiçijik atlaryň nesli ýyl-ýyldan ownaýar.

Bahasynyň gymmatdygyna garamazdan, dünýäniň köp ýerlerinde kiçijik atlara hyrydar tapyldy. Işsizler güýmenje hökmünde oýunjak ýaly atlary ilki maşgalanyň gowy görülýän eýjejik agzasy edip saklap başlan bolsalar-da, soň bu atlara iş tapyldy. Soňky döwürde Amerikada kiçijik atlara körleri iýtdirip başladylar. Atjagazlar derrew tälim alýarlar, hojaýynynyň barmaly, gelmeli ýerlerini, olara barýan ýollary basym öwrenýärler. Azyk önümleri ýüklenen arabajyklary bellenen ýerine çalt eltýärler. Hatda olar jemgyýetçilik ulaglarynda gitmegi-de öwrendiler. Körleri iýtmekde ulanylýan itleri kiçijik atlar işsiz goýarmy ýa-da goýmazmy, bu entek belli däl. Emma itlere seredende, atjagazlaryň öz artykmaçlygy bar. Olar 30 ýyla çenli, itler bolsa olardan iki-üç esse az ýaşaýar.

Şu günki günde atşynaslar tarapyndan beýikligi 38 – 45 santimetr aralygynda bolan atjagaz ösdürilip ýetişdirildi. Onuň agramy 20 kilogram töweregi. Litl Pamkin atlandyrylan iň kiçijik taýjagazyň beýikligi bolsa 35,5 santimetr, agramy 9,7 kilograma deň boldy. Soňky ýyllarda falabellalaryň sergileri giňden guralýar we barha meşhurlyga eýe bolýar. Umuman, dünýäde atçylygy öwrenmekde, özara tejribe alyşmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa dünýä atçylygynyň döwrebap ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirer.

Gulshirin Hydyrova, 
Jemal Orazgeldiyeva

Çeşme: «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» XVI halkara ylmy maslahatyň nutuklarynyň gysgaça beýany 2024-nji ýylyň 25-nji apreli.

Soňky goşulanlar