Dünýä atçylygy

Daşary ýurtlaryň at tohumlary. Belgiýanyň agyr ýük aty.

Daşary ýurtlaryň at tohumlary. Belgiýanyň agyr ýük aty.

Belgiýanyň agyr ýük aty iň oňat we taryhy taýdan iň gowy atlaryň biridir we Arden tohumy bilen ýakyn baglanyşykda bolup, dünýäniň iň gadymy tohuma degişlidir.

Orta asyrlarda bu tohumyň ugurbaşy atlaryna "beýik atlar" diýilýärdi. Bu atlar agyr ýaragly rysarlary söweşe alyp giderdiler. Şuňa meňzeş atlar Sezaryň döwründe Ýewropanyň köp böleginde duş gelerdi. Ýewropa ýurtlaryň senagat we oba hojalyk pudaklarynda agyr ýük atlary ulanmak maksady bilen, Belgiýa ýurdunyň tohum atlaryň ählisi  Ýewropa ýurtlaryna ýaýradylardy.

Bu tohumyň berkemegine Belgiýa ýurdynyň hökümeti sebäp boldy. Şeýlelik bilen, Brýussel şäherinde bu tohumynyň uly milli sergisi geçirilýär. Bu sergide goýulýan baýraklar örän uly möçberli bolýar. Mundan başga-da, tohumyň arassalygyna gözegçilik etmek maksady bilen ýörite komitetler döredildi.

Netijede, bu atyň tohumy milli miras, hatda milli baýlyk diýlip yglan edildi. Mysal üçin, 1891-nji ýylda Belgiýa ýurdy Russiýa, Italiýa, Germaniýa, Fransiýa we Awstro-Wengriýa imperiýasynyň döwlet athanalaryna bu tohum atlar eksport edildi.

Orta asyrlardan belli bolşy ýaly, Flander tohum atlar esasan Şir, Suffol we Kleýdelsdal tohum atlaryň döremegine öz täsirini ýetirdiler. Häzirki wagtda Belgiýanyň agyr ýük aty Belgiýanyň merkezinde ýerleşen welaýatyň adyndan Brabant adyna eýe boldy. 

XIX asyryň ahyrynda Brabant tohum atlaryň üç görnüşi bellenildi, olaryň her biri  üç dürli ugurdan gelip çykdy. Olardan dor reňkli bolan birinji ugry - Gros de la Dendre - Orange I atly tohum atdan döredildi, ikinji ugry - Gris du Hainaut - Baýard atly tohum atdan döredildi, bu atlar esasan çakan we altynsow al reňkli atlardan ybaratdy; üçünji ugry - Kolos de la Mehaigne dor reňkli Jeana atly tohum atdan döredildi.

Oba hojalyk zähmetiniň ýokary mehanizasiýasy, özüniň ýumşak häsiýeti we işeňňirligi bilen saýlanýan, atlaryň zerurlylygyny birneme peseltdi. Emma Belgiýanyň we Demirgazyk Amerika ýurtlaryň birnäçe sebitlerinde agyr ýük atlar örän gerek bolup durýar.

Asyrlaryň dowamynda atçylyk bilen meşgullanýanlar atşynaslara bu tohumyň içinde berk saýlamak işleri geçirmegini we köpeltmek arkaly işleriň kämilleşdirmegini başardylar. Netijede, gysga boýly, güýçli eginli, gysga aýakly, çuň we güýçli bedenli, ýumşak häsiýeti bilen saýlanýan hem-de meýdan işlerinde iň oňat özüni alyp barýan  agyr ýük atlaryň tohumy döredildi. Bu atlaryň araba dakylyp ýüklenen suwly gutylary alyp barýandygynyň görnüşi ajaýyp pursat hökmünde göz öňünde janlandyrylýar.

Belgiýanyň agyr ýük atlaryň beýikligi: 162 - 173 sm. Olar esasan gara tegmilli  al we altynsow al reňkli bolýar. Şeýle hem çakan we dor reňkli atlar duş gelýär. Bedeniň gurluşy: akylly gözli kiçijik kellesi; gysga uzynlykda muskul boýy; uly göwrümli egini; gysga, çuň we ykjam bedeni; myşsaly güýçli sagrysy; gysga we güýçli aýaklary; gaty we orta ululykda bolan toýnaklar.


Kakabaýewa Zibagözel
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň
Weterinariýa barlaghana bölüminiň 
Himiko-toksikologiýa bölümçesiniň 
ylmy işgäri 

Çeşme: EGIDA.BY, haýwanlary goramak we hukuklar üçin haýyr-sahawat portaly 
© 2006-2025. www.egida.by

Soňky goşulanlar