Biz barada

Biz barada

Arkadag şäherindäki “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi 4 bölümden ybarat: weterinariýa barlaghana, zootehniýa, ylmy-kliniki we molekulýar genetika bölümler.

Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň weterinariýa barlaghana bölümi bakteriologiýa, wirusologiýa, serologiýa, mikologiýa, parazitologiýa we himiko-toksikologiýa bölümçelerden ybarat bolup atlarda ýüze çykyp bilýän dürli ýokanç we ýokanç däl keselleri anyklaýyş işleri, atçylykda ulanylýan ot-iýmleriň, iým goşundylaryň, suwuň, weterinar derman serişdeleriň, anyklaýyş serişdeleriň we bioserişdeleriň barlag işleri ylmy esasda amala aşyrylýar. Bu işleri geçirmek üçin weterinariýa barlaghana bölümi dünýä ülňülerine gabat gelýän, öňdebaryjy, döwrebap, innowasion enjamlar bilen ornaşdyryldy. 

Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy-kliniki bölüminde atlardan tohum almak we olary emeli usulda tohumlandyrmak, dürli keselleri anyklamak hem-de atlaryň saglygyny dikeldiş-bejeriş işleri ylmy esasda amala aşyrylýar, şeýle hem bu bölüminiň wiwariýa bölümçesinde ylmy derňew işlerine niýetlenen barlaghana haýwanlar saklanylýar. Atlarda dürli keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýän ylmy işleriň dowamynda bu ýerdäki haýwanlara barlag nusgalary ýokuşdyrylyp, kliniki gözegçilik arkaly deslapky netijeler alynýar. Şonuň bilen bir hatarda, atlara beriljek ot-iýmiň, iým goşundylaryň, suwuklyklaryň, weterinar derman serişdeleriniň ýaramlylyk derejesini anyklamak üçin barlaghana haýwanlarda synag işler amala aşyrylýar. Bulardan başga-da, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde 40 sany atlary idetmäge ýöriteleşdirilen athanalar gurlan we bu athanalarda atlary bejergiden öň we soň gözegçilikde saklanylýar hem-de olarda ylmy kliniki işler amala aşyrylýar.  

Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň zootehniýa bölüminde atlaryň iýmitlendirilişi, tohumçylygy we idediliş aýratynlyklary ylmy esasda öwrenilýär.  Atlara beriljek ot-iýmleriň iýmitlik gymmatyny anyklap, olaryň ýokumlylyk derejesini baýlaşdyrmaga gönükdirilen işler amala aşyrylýar. 

Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň molekulýar-genetika bölüminde ornaşdyrylan dünýäniň öňdebaryjy kämil enjamlarynyň kömegi bilen ahalteke atlarynyň arassa tohumyny, hilini, garyndaşlyk derejesini hem-de gelip-çykyşyny yzygiderli ýüze çykarmak we hasaba almak ýaly işler ýerine ýetirilýär.
 
Ýokarda agzalan bölümleriň ählisi häzirki zamanyň öňdebaryjy innowasion tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen. Munuň özi Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleri takyk hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegine uly ýardam berýär.

Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň salgysy: Arkadag şäheri Aba Annaýew şaýolunyň 28-nji jaýy.